Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda haly we halyçylyk sungatyna uly üns berilýär. Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlygynyň – ajaýyp sungatynyň şöhratyny belende göterýän buýsançly senedir.
Bu baýram ene-mamalarymyzyň özboluşly milli we ruhy-ahlak gymmatlyklaryna wepalydygymyzy görkezýär. Taryhy çeşmeleriň şaýatlyk etmegine görä, türkmen halysynyň özboluşly nagyşlary nesilbaşymyz Oguz han atamyzdan kemal tapan elipbiýden gözbaş alyp gaýdýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ajaýyp sungat barada: «Asyrlaryň dowamynda sünnälenip, hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylar öýlerimiziň ýaraşygy, törlerimiziň bezegi, göwünlerimiziň guwanjy bolmak bilen, dünýäde ykrar edilen, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen ajaýyp sungat ýadygärligidir» diýip, parasatlylyk bilen belleýär.
Buýsanç bilen aýtsak, gözellikde, nepislikde dünýäde deňsiz-taýsyz ajaýyp sungat eseri hökmünde, türkmen halylary Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hem orun aldy.
Türkmen halysy – zenanlarymyzyň mähir-yhlasyndan dörän sungatdyr, owadan gölleriň özara sazlaşmagyndan emele gelen, ähli döwürler üçin ajaýyp eserdir. Taryhy örän gadymy döwürden gaýdýan türkmen halysynyň ajaýyplygy, nepisligi göreni özüne bendi edýär. Çünki, onda halkymyzyň ruhy dünýäsi, tebigatymyzyň gaýtalanmajak gözellikleri, ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň söýgüleri, isleg-arzuwlary, ykballary özboluşly nagyşlaryň üsti bilen beýan edilýär. Jadyly güýje eýe bolan nepis halylarda biziň şöhratly geçmişimiz, aýdyň geljegimiz, şanly şu günümiz janlanýar.
Haly — türkmeniň kalby deý gözeldir hem-de merdana halkymyzyň ruhy ahwalyny, ýaşaýyş durmuşyny we täsin syrlaryny özünde jemleýän umman ýaly kämil sungatdyr.
Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyz «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp kitaplarynda halkymyzyň gadymy hem müdimi sungatynyň gözelliklerini ussatlyk bilen açyp görkezýär. Bu eserler milli gymmatlygymyz bolan hala we çeper elleri bilen gözellik dünýäsini döredýän zenanlarymyza goýulýan sarpanyň aýdyň subutnamasydyr.
Bu günki gün türkmen halylary bagtyýar halkymyzyň abraý-mertebesini dünýä ýaýýar, ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu ajaýyp sungaty dünýä ýaýmak, yzygiderli kämilleşdirmek, halylaryň täze nusgalaryny döretmek, gadymy asyl nusgalaryny gorap saklamak, dikeltmek üçin möhüm şertler döredilýär» diýip belleýşi ýaly, ajaýyp zamanamyzda halyçylyga berilýän üns örän ýokary derejä göterildi.
Hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli halkymyzyň iň gadymy sungat eseri bolan ajaýyp halylary dokaýan, şan-şöhratyny dünýä ýaýýan ussat halyçylara «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň dakylmagy, gymmat bahaly sowgatlaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy olara goýulýan sarpanyň örän uludygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Milli Liderimiziň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy esasynda, halyçylyk sungatyny dünýä ýaýmak, onuň iň gadymy görnüşleriniň asyl nusgalaryny gorap saklamak maksady bilen, haly önümçiligi yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Halyçy gelin-gyzlarymyz bolsa özleri üçin döredilýän ähli amatlyklardan netijeli peýdalanyp, arman-ýadaman zähmet çekýärler.
Biz hem türkmeniň kalbyny çitimlerde beýan edip bilýän elleri hünärli ussat gelin-gyzlarymyza «Kak daragyň, batly kak, işiňiz ileri bolsun, halyçylar!» diýesimiz gelýär.
Goý, milli gymmatlyklarymyza uly hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak, janlary sag, beýik işleri rowaç bolsun!
Daragyňyz batly, baýramyňyz gutly bolsun, mähriban halyçy zenanlar!
Azatgül Täçmämmedowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Balkan welaýaty boýunça iş ýöredijisi.