TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAÝLAW ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRILÝÄR

Mukaddes ata Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt, umumadamzat bähbitli ynsanperwer ýoluny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda dürli ulgamlarda, şol sanda saýlaw ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylýar.

Hormatly Prezidentimiziň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri üçin dünýä döwletleriniň saýlaw ulgamynyň tejribesini öwrenmek maksady bilen, daşary ýurtlara iş saparlary guralýar. Dogrusy, halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde daşary ýurt döwletlerinde geçirilýän saýlawlara, sala salşyklara, saýlawlar bilen bagly dürli çärelere gatnaşmak, tejribe alyşmak indi asylly däbe öwrüldi.

Bu babatda, Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliniň 2025-nji ýylyň 2-nji martynda geçirilen Täjigistan Respublikasynyň Oli Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde halkara synçy bolup gatnaşandyklaryny bellemek bolar.

Elbetde, biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde guramaçylykly geçirilýän saýlawlara hem dünýäniň iri halkara guramalaryndan, dostlukly döwletlerinden halkara synçylar gatnaşyp,  saýlawlaryň taýýarlyk işleri, ses bermegiň geçirilişi bilen tanyşýarlar. Abraýly halkara guramalaryndan gelen synçylar toparlarynyň baştutanlary saýlawlardan soňky metbugat maslahatlarynda saýlawlaryň asudalyk, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda hem-de kanunalaýyklykda geçirilip, Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygyny kanagatlanma bilen aýdýarlar.

Hormatly Prezidentimiz abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň döwletimiziň halkara syýasatynyň strategik ugurlarynyň biridigini, mundan beýläk-de şeýle boljakdygyny nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda,Türkmenistan ähli gyzyklanýan döwletler, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) degişli bölümleri, edaralary we institutlary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr. Türkmenistan bilen BMG-niň strategik hyzmatdaşlygy uzak möhletli häsiýete eýedir. Halkara guramalary bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolýar.

Munuň şeýledigine BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilip, Bitaraplygymyzyň indi üçünji mertebe ykrar edilmegi hem doly şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, Halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde BMG-niň Ösüş maksatnamasyna (BMGÖM) uly orun degişlidir. Elbetde, bu hyzmatdaşlyk saýlaw ulgamynyň çäklerinde hem amala aşyrylýar.

Has takygy, Türkmenistanyň merkezi saýlaw topary bilen BMGÖM- niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin Taslama resminamasyna gol çekildi. Şol resminamanyň çäklerinde, 2024-nji ýylyň 9-10-njy dekabrynda Türkmenistanyň merkezi saýlaw topary bilen BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda «Gender deňligini göz öňünde tutup, saýlawçylaryň bitewi sanawyny döretmekde halkara tejribesini öwrenmek» atly okuw maslahaty geçirildi.

Şeýle-de, 2025-nji ýylyň 18–21-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň hem-de BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda «BRIDGE» maksatnamasy esasynda, «Saýlawlaryň dolandyrylyşyna giriş» atly dört günlük okuw maslahaty geçirildi. Ady agzalyp geçilen 2024-2025-nji ýyllar üçin Taslama resminamasynyň çäklerinde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda geljekde hem şunuň ýaly Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň has-da döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen okuw maslahatlarynyň, çäreleriň birnäçesiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Şeýlelik bilen, ýurdumyz hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna uly ösüşler we üstünlikler bilen barýar.

Halkara hyzmatdaşlygyny nusgalyk derejede ösdürip, agzybir halkyny demokratik ýol bilen bagtyýar geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň belent bolmagyny, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Aman Amanow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň hukukçysy.