TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

ÝAŇLANSYN DÜNÝÄDE ÇAGA GÜLKÜSI

Ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistan Watanymyz bagtly çagalygyň mekanydyr. Garaşsyz ýurdumyzda ýaş nesil baradaky aladanyň yzy üzülmeýär. Amala aşyrylýan her bir tutumda, döwletli işde gözleriň guwanjy bolan körpeleriň bagtyýarlygyny we şadyýanlygyny gazanmak ugrundaky tagallalary görmek bolýar. Çagalar biziň durmuşymyzyň güli, ömrümiziň dowamatydyr. Halkymyzda «Bal süýji, baldan-da bala süýji», «Çaga — ömrüň dowamy» diýlip, örän jaýdar aýdylan pähimler bar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, berk bedenli, ylymly-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegi ugrunda amala aşyrylýan işler döwlet ösüşiniň strategik wezipeleriniň biridir. Bu ugurdaky maksatnamalaýyn işler ýurdumyzda çaganyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün edip, belent ahlak häsiýetinde terbiýelenmegine oňyn ýardam edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Çagalara aýratyn üns bermek, olara söýgi bilen garamak asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň kämilleşdirip gelen ruhy gymmatlygydyr» diýip bellemeginde hem çuňňur many bar. Bagtyýar çagalygyň mekany hasaplanýan asuda Diýarymyzda, dünýäniň beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni giňden baýram edilip bellenilýär. Bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany hökmünde demokratik ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi. Bu sene parahatçylyk, ynsanperwerlik, dostluk ýaly umumadamzat ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda maşgalany we eneligi goldamaga, köp çagalylygy höweslendirmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagy bilen birlikde, dynç alyş möwsümlerinde häzirki zaman çagalar sagaldyş, dynç alyş merkezlerinde döwrebap dynç almaklary, ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin hem ähli şertler döredilýär. Bu babatda paýtagtymyz Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarymyzyň ähli şäherdir obalarynda, gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegine öwrülen Gökderede, at-owazasy dünýä ýaň salýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde döredilen şertler ähli halkymyzy guwandyrýar. Şeýle-de, her ýylda zehinli çagalary ýüze çykarmak we olary döredijilige ruhlandyrmak maksady bilen, «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Merdana nesil» atly döredijilik we şadyýan bäsleşikler geçirilýär.

Garaşsyz döwletimizde erkana, asuda durmuşda ýaşaýan ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşini ýola goýmak hem-de saglygyny goramak we berkitmek ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýär. Munuň şeýledigine, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem doly şaýatlyk edýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek hem-de olarda Watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetlerini kemala getirmek babatda bu gaznanyň orny we ähmiýeti uludyr.

Durmuşymyzyň gymmaty we parahat geljegimiziň kepili bolan bagtyýar çagalar barada edýän atalyk aladalary üçin, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!

 

Bägül Hojaýewa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Ahal welaýaty boýunça iş ýöredijisi.