TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

BILIMLI MÜŇINI ÝYKAR...

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda ylym-bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenilýär. Şonuň üçin «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýan işlerde ylmyň ygtybarly görkezijilerine esaslanylýar, ylym-bilimi ösdürmek babatynda netijeli üstünlikler gazanylýar.

Elbetde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni toý-baýramlara, şanly wakalara, belent üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni giňden bellenilýär. Ylmy goldamak we ony ösdürmek ýurduň öňe gitmegi üçin örän möhümdir. Ylym-bilim adamzadyň  taryhy çeşmeleri bilen  geljegiň gymmatly kuwwatyny birikdirýän köprüsidir. Ata-babalarymyzyň «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» diýip belleýşi ýaly, sowatly we ylymly bolmak dünýä akyl ýetirmekdir.

Gahryman Arkadagymyz: «Gün bolmasa, nur, kök bolmasa, daragt, ylym we bilim bolmasa, bagtyýarlyk bolmaz» diýip, ylym-bilimiň türkmen ýaşlary üçin kämillik ölçegi bolup durýandygyny nygtaýar. Ata Watanymyzda ýaş nesilleri terbiýelemegiň, okatmagyň, ylym-bilim bermegiň we hünär öwretmegiň täze, häzirkizaman usullary ulanylýar.

Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalary ösdürmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we ýokary tehnologiýalar hem-de ylym ulgamyna çekmek boýunça birnäçe çäreler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, döwrebap nesilleri kemala getirmekde durmuşa geçirilýän işleriň datly miwesidir.

Eziz Diýarymyzda ýaş nesillerimiziň dünýä derejesinde bilim almagy üçin döwrebap şertler döredildi. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bilim ulgamy babatdaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürilýär. Häzirki wagtda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde ÝUNESKO kafedralary, altysynda ÝUNESKO klublary açyldy. Umumybilim berýän mekdepleriň altysy ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepler toruna goşuldy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda alnyp barylýan işler oňyn netijelere beslenýär. Her ýyl birinji synp okuwçylaryň ählisine «Bilimli» atly noutbuk kompýuterler sowgat berilýär. Munuň özi döwletimizde körpe nesliň mynasyp terbiýelenmegi we sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän aladanyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

Berkarar döwletimizde täze maglumat gurşawy hem-de sanly tehnologiýalaryň giňden ýaýramagynyň şertlerinde dürli ýurtlaryň ylmy-barlag birleşikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berilýär. Ýurdumyz 5G tehnologiýalarynyň ösdürilmegi, kosmos taslamalaryna gatnaşmagy, kiberhowpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk, maglumatlar merkezleriniň döredilmegi we sanly tehnologiýalar hem-de emeli aň babatda işgärleriň taýýarlanylmagy ýaly birnäçe möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga taýýardyr. Sanly ykdysadyýete geçmek üçin zerur bolan programma çözgütleriniň köpüsiniň ýerli programmaçylar tarapyndan işlenip düzülýändigini bellemek möhümdir.

Ylymyň bar ýerinde hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklar höküm sürýär. Çünki, ylym – halkara gatnaşyklarynyň ösüş guraly. Ylmyň kämilleşmegi bilen jemgyýet hem kämilleşýär.

Ähli ulgamlarda, şol sanda ylym-bilim ulgamynda ynsanperwer işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň rowaç, mertebeleriniň hemişe belent bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Ylymlar günüňiz gutly bolsun, mähriban ildeşler!

 

Ogulmaral Rejepowa,
Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.