TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAÝLAW IŞLERINIŇ TAPGYRLARY

Saýlawlar Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, degişli möhletlerde yzygiderli geçirilýän jemgyýetçilik-syýasy wakadyr hem-de diňe bir saýlaw möwsümini öz içine alman, eýsem, saýlaw möwsüminden öňki we soňky çärelerden ybaratdyr. Halkara tejribelerine ser salanymyzda saýlaw işleri üç tapgyra bölünýär, ýagny:

1) saýlaw möwsüminden öňki çäreler;

2) saýlaw möwsüminiň dowamyndaky çäreler;

3) saýlaw möwsüminden soňky çäreler.

Indi bolsa, ýurdumyzda geçirilýän saýlaw möwsüminiň tapgyrlaýyn çäreleri barada aýtsak, olar aşakdakylardan ybaratdyr.

1. Saýlaw möwsüminden öňki çäreler – saýlawlaryň maliýe serişdeleriniň sanawynyň we meýilnamasynyň taslamasyny, şeýle-de saýlaw resminamalarynyň nusgalarynyň hem-de gollanmalaryň, ýatlamalaryň, düzgünnamalaryň taslamasyny taýýarlamak, saýlaw toparlarynyň düzümini seljermek, saýlaw okruglarynyň we uçastoklarynyň, saýlawçylaryň takmynan sanyny kesgitlemek, şeýle-de saýlawlaryň geçiriljek gününi bellemek barada karar kabul etmek ýaly işleri öz içine alýar.

2. Saýlaw möwsüminiň dowamyndaky çäreler, esasan – saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etmek, degişli kanunçylyk namalaryny, resminamalary çap etmek, okuw maslahatlaryny geçirmek, saýlaw okruglarynyň we uçastoklarynyň araçäklerini kesgitlemek hem-de olary döretmek, halkara we milli synçylary, teklipçi toparlary bellige almak, saýlawlara syn etmek, dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak, wagyz işlerini geçirmek, saýlawçylaryň sanawyny düzmek, saýlaw uçastoklaryny enjamlaşdyrmak, ses bermegi geçirmek, ses bermegiň netijelerini jemlemek we yglan etmek ýaly işleri öz içine alýar.

3. Saýlaw möwsüminden soňky çäreler – saýlawlaryň geçirilişine baha bermek, Türkmenistanyň saýlanylan Prezidentini, Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlanylan deputatlaryny, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň saýlanylan agzalaryny bellige almak, saýlaw býulletenlerini ýok etmek, saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek üçin bölünip berlen maliýe serişdeleriniň harçlanylyşyna barlag-seljeriş işlerini geçirmek, saýlaw resminamalaryny arhiwleşdirmek, saýlaw toparlarynyň we işleriniň mümkinçiliklerini artdyrmak ýaly işleri öz içine alýar.

Elbetde, ýurdumyzda her bir täze möhlete geçirilýän saýlawlaryň guramaçylyk, hukuk, aýanlyk, sanly ulgam, demokratik we zenanlaryň,  ýaşlaryň işjeňligi nukdaý nazaryndan täze ösüşlere eýe bolýandygyny hem aýratyn belläp geçmek gerek.

Bu babatdaky milli tejribeleri kämilleşdirmek bilen, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti hem-de dostlukly döwletler bilen hyzmatdaşlyk edýär hem-de dünýä tejribelerini öwrenýär.

 

Amangeldi Gandymow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary.