Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowamata besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň taryhynda täze sahypa açyldy. Ýurdumyz syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan durnukly we sazlaşykly ösüşiň ak ýoluna düşdi hem-de şanly senelere beslenýär.
Täze eýýamda ägirt uly zähmet üstünliklerini gazanmaga hem-de döredijiligiň täze belentliklerini eýelemäge ruhlandyrýan şanly seneleriň biri hem hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mübärek doglan günüdir! Şu ajaýyp günde hormatly Prezidentimiziň berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatyny berkitmäge, mähriban halkymyzyň durmuş-medeni hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeleriniň, parahatçylyk we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň, döretmek we gurmak başlangyçlarynyň elmydama rowaçlyklara we üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris!
Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizde özgertmeleri amala aşyrmak, onuň tapgyrlaýyn esasda bazar gatnaşyklaryna geçirilmegini üpjün etmek, sanlylaşdyrmak, senagat pudagyna ägirt uly maýa goýumlary çekmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak işleri üstünlikli ýerine ýetirilýär. Aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, hususy başlangyçlara goldaw berilmegi, beýleki oňyn çäreleriň hasabyna ilatyň girdejileriniň artmagy hormatly Prezidentimiziň durmuş ulgamyny nazarlaýan işleriniň ajaýyp miweleri bolup, göwnümizi göterýär. Dünýä ýüzünde uly abraý-mertebä eýe bolup, hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen döwletimizde ähli işler halkyň bähbidine gönükdirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşen ulus-ilimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda taryhy wakalara şaýat bolýar. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Maslahatly il myrada ýeter» diýlişi ýaly, şanly ýylymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni buýsançly günler bilen baýlaşýar. Toý-baýramly günler bizi baş baýramymyza — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna barha golaýlaşdyrýar. Geçilen menzile nazar salýarsyň, ösüşlere guwanýarsyň, özgerişlere buýsanýarsyň, ýeňişlere begenýärsiň. Elbetde, Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy bilen taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde ýurdumyz dünýäniň syýasy giňişliginde ykdysady taýdan okgunly ösýän, durmuş abadançylygyna eýe bolan, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe açyk döwlet hökmünde mynasyp orun aldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna laýyklykda, köp sanly senagat, durmuş, medeni maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi, milli we halkara derejeli iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi döwletimiziň okgunly ösýändiginiň, ykdysady taýdan barha kuwwatlanýandygynyň aýdyň görkezijisidir. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda durmuş-syýasy ulgamda, diplomatiýada uly üstünliklere ýetildi, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler netijeli dowam edýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, söwda ulgamyny, nebit-gaz, ulag-logistika toplumlaryny, oba hojalyk, gurluşyk we energetika pudaklaryny, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we medeniýet ulgamlaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy.
Muňa Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän wakalar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Amala aşyrylýan köpugurly işler türkmen döwletiniň beýik ösüşleriniň ýyl ýazgysyna täze şanly seneleri, nurana sahypalary ýazýar. Bular bolsa halkyň bähbidine gönükdirilen strategik döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çözgütleriň kabul edilmegi bilen, Gahryman Arkadagymyzyň özgertmeler ýolunyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowamat bolýandygyny, has giň gerimde ösdürilýändigini görkezýär.
Eziz Diýarymyzda öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, önümçilige täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň, sanly ykdysadyýetiň giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady-durmuş taýdan çalt depginlerde ösdürilmegine itergi berdi. Soňky ýyllarda medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygy ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, döwrebap şäherçeleriň gurluşygy bilen utgaşdyryldy.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda giň möçberli işler durmuşa geçirildi we geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň elektroenergetika, gaz senagaty pudagynda, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda ägirt uly işler bitirilýär. Şeýle tutumly işler bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň gülläp ösmegine, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. Bularyň hemmesiniň Beýik Garaşsyzlygymyzyň guwançly miweleridigini ýatlamak ýakymly.
Toýlary toýa ulaşýan berkarar döwletimizde bu günki gün ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmaga ýardam berýän düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ýetilen belent sepgitler bütin dünýäde ykrar edilýär.
Kerwen gurap geçip barýan aý-günler täze-täze belentliklere ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döwletlilik ýoly häzirki zamanyň ählumumy ösüşiniň çylşyrymly şertlerinde-de öňe tarap ynamly hereket etmäge mümkinçilik berýär. Türkmen halky döwlet syýasatynyň maksatlaryna we geljegiň wezipelerine içgin üns bermek bilen, jemgyýetiň birleşen tagallasynyň ähmiýetine aýdyň göz ýetirýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bütin halkymyzyň uly ruhubelentlik bilen dabaraly garşy alýan şanly senesi — mübärek doglan güni bilen ýene-de bir ýola tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys!
Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň belent, aýdyň maksatly, uly tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Ogulnyýaz Mämmetnurowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni