TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

MUKADDES GARAŞSYZLYK BAÝRAMY

Asylly däp bolşy ýaly, her ýylyň 27-nji sentýabrynda agzybirlikde bellenilýän Garaşsyzlyk baýramy ýurdumyzda uludan tutulýan toýlarymyzyň naýbaşysydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, asuda Türkmenistan döwletimizde Garaşsyzlyk güni uly buýsanç we ruhubelentlik bilen bellenilip geçilýär.

Çünki, bu baýram merdana ata-babalarymyzyň erkinlik, özbaşdaklyk baradaky arzuwlarynyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ajaýyp dabaralanmasydyr, türkmen halkynyň bagtyýar ertirine, müňýyllyklara uzaýan hoşniýetli we ösüşli ak ýoludyr. Başga bir söz bilen aýdylanda bolsa, Garaşsyzlyk halkymyzyň millet, özbaşdak döwlet hökmünde ykrar edilmegidir. Mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzy mizemez erkinlige, ruhy, maddy gymmatlyklara eýe edip, ýurdumyzyň abraý-mertebesini halkara giňişliginde belende göterdi. Bu sene adamy iň ýokary gymmatlyk hasaplaýan demokratik döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýan ýurdumyzyň durmuşynda täze taryhy eýýamy açdy.

Ata-babalarymyzyň agzybir, parahat we oňşukly ýaşamagy ündän wesýetlerine wepalylygymyzy we umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygymyzy beýan edýän demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde Garaşsyzlyk güni uly ruhubelentlige, toý-dabaralara, taryhy wakalara beslenip, barha golaýlaşýar.

Her bir türkmen üçin ata Watanyndan ileri mukaddes zat ýokdur. Geçen asyryň ahyrynda döwletimiz halkymyzyň ençeme ýyllap arzuw eden bagtyna – Garaşsyzlygyna, özbaşdaklygyna eýe boldy. Garaşsyzlyk halkymyzyň ýüzýyllyklaryň dowamynda kalbynda göteren iň bir ajaýyp arzuwydyr. Bu mukaddes arzuw 1991-nji ýylyň tylla güýzünde amala aşdy. Gadymy Turan topragynda dost-doganlykly, syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan ösüşli, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýän Konstitusiýaly özbaşdak Türkmenistan döwleti döredi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlarynyň dowamaty hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu oňyn özgertmeler ýurdumyzda giň möçberli möhüm wezipeleri çözmäge, senagatyň gaýtadan işleýän pudagyny ýokary derejede ösdürmäge, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegini höweslendirmäge ukyply köpugurly ykdysady ulgamyň kemala gelmegi üçin oňyn şertleri döredýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler syýasaty netijesinde iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ösüşiň ýokary derejesi üpjün edilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlaryndaky depginli ösüşler bu ugurlarda uly üstünlikleriň gazanylmagyny üpjün etdi.

Gazanylýan bu üstünlikler raýatlarymyzyň watançylyk duýgularynyň ösmegine, berkemegine, has-da çuňlaşmagyna mümkinçilik berdi. Halkymyzyň öz ýurduna, öz döwletine bolan uly söýgüsi, ynamy türkmen döwletiniň binýadynyň mizemezligini üpjün edýän baş görkezijileriň birine, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen jebislik şygarynyň beýanyna öwrüldi.

Elbetde, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň hem netijeli ösüşlere, umumadamzat bähbitli taryhy wakalara baý seneleriň biri bolandygyny uly buýsanç we ýakymly duýgular bilen bellemek gerek. Şeýlelikde, agzybir, watansöýüji türkmenistanlylar mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyna täze üstünlikler bilen barýar.

Goý! Parahatçylykly Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty asyrlardan asyrlara aşyp, dünýä ýaň salsyn!

Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyny halkara derejesinde täze mertebä göteren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň hemişe belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.

Mukaddes Garaşsyzlyk baýramyňyz gutly-mübärek bolsun eziz watandaşlar!

 

Jennet Saparowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.