TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAÝLAWÇYLARYŇ SANAWYNY DÜZMEK IŞLERI

Saýlawçylaryň sanawlaryny düzmegiň, raýatlary saýlawçylaryň sanawyna girizmegiň, raýatlary saýlawçylaryň sanawy bilen tanyşdyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň V bölümine laýyklykda düzgünleşdirilýär. Saýlawçylaryň sanawyny düzmek işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşmek bu çäräniň esasy möhüm talaplarynyň biridir.

Saýlawlarda ses bermegi geçirmegiň esasy resminamasy hasap edilýän saýlawçylaryň sanawyny düzmek işleri ençeme guramaçylyk-hukuk düzgünleriniň kesgitlenilen möhletlerde berjaý edilmegini hem-de bu işleriň jogapkärçilikli amala aşyrylmagyny öz içine alýar. Sanaw Türkmenistanyň merkezi saýlaw topary tarapyndan tassyklanylan nusga esasynda düzülmelidir. Şunda saýlaw hukugyna eýe bolan raýatlary sanawa girizmek ýa-da saýlaw hukugy bolmadyk raýatlary sanawdan aýyrmak çäreleri guramaçylykly we talabalaýyk ýerine ýetirilmelidir.

Saýlawçylaryň sanawyny düzmek işleriniň esasy demokratik ýörelgeleri bolsa, saýlaw hukukly raýatlaryň saýlaw möwsüminde şol sanaw bilen tanşyp bilmekleri üçin oňaýly şertleriň döredilmegidir. Saýlaw hukukly raýatlaryň ählisiniň sanawa girizilmegidir. Şeýle-de, şol bir saýlawçynyň iki ýerde, ýagny iki saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň sanawyna girizilmeginiň ýa-da ses bermeginiň öňüni almakdyr hem-de saýlawçylar baradaky maglumatlaryň anyk we dogry bolmagyny üpjün etmekdir. Sanaw saýlaw uçastogynyň we okrugynyň araçäkleri boýunça hem-de saýlawçylaryň kanunçylykda bellenilen sanlaryna laýyklykda düzülýär.

Saýlawçylaryň sanawyny düzmek işleri, esasan, saýlaw hukugyna eýe bolan raýatlary sanawa goşmak hem-de saýlaw hukugy bolmadyk raýatlary sanawdan aýyrmak ýa-da sanawdaky saýlaw hukukly raýatlaryň şahsy maglumatlaryna üýtgetmeleri girizmek çärelerinden ybaratdyr. Şunda bu çäreler bellenilen tertipde we tassyklaýjy resminamalar esasynda amala aşyrylmalydyr.

Şeýle-de, bu işlere saýlaw uçastoklarynda:

– saýlawçylaryň deslapky sanawyny düzmek;

– saýlawçylaryň deslapky sanawy esasynda, raýatlaryň ýaşaýan ýerine aýlanyp, maglumatlary anyklamak;

– saýlawçylaryň gutarnykly (takyklanan) sanawyny düzmek – tapgyrlary degişli bolup durýar.

Elbetde, raýatlaryň saýlawçylaryň sanawyndaky maglumatlary klassifikatorlara, ýagny:

– 18 ýaşyny dolduryp, ilkinji gezek ses berýän ýaş saýlawçylar;

– ýaşuly (70 ýaşdan ýokary) saýlawçylar;

– ýarawsyzlygy sebäpli ses berilýän jaýa özbaşdak gelip bilmeýän saýlawçylar;

– erkek saýlawçylar;

– zenan saýlawçylar – diýen ýaly birnäçe aýratynlyklara hem bölünip bilner.

Muňa mysal edip aýdanymyzda, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda: ilkinji gezek ses berýän ýaş saýlawçylaryň sany – 75606-a, ýaşuly (70 ýaşdan ýokary) saýlawçylaryň sany – 75487-ä, ýarawsyzlygy sebäpli ses berilýän jaýa özbaşdak gelip bilmeýän saýlawçylaryň sany – 15984-e deň boldy.

Saýlawçylaryň sanawyndaky raýatlaryň şahsy maglumatlary gizlindir we diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen maksatlar üçin ulanylyp bilner, bu işlerde şol kesgitlenilen talaplaryň bozulmagy kanunçylykda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

Ýurdumyzda saýlawçylaryň sany ýyl-ýyldan köpelip barýar, has takygy, 1991-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda geçirilen ählihalk sala salşyklarynda Türkmenistan boýunça saýlawçylaryň jemi sany 1.864.142-ä deň boldy we 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda bolsa 3.496.368-e çenli köpeldi.

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi we 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär. Bu täze Kanunyň kabul edilmegi, geljekde saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawynyň ýurdumyz boýunça merkezleşdirilen tertipde hem-de etraplar we şäherler boýunça elektron görnüşde düzülmeginiň, dolandyrylmagynyň, ýöredilmeginiň, saýlawçylar baradaky maglumatlaryň yzygiderli täzelenip durulmagynyň ýola goýulmagyna, başga bir söz bilen aýdanymyzda bolsa, saýlawçylaryň elektron sanawyny düzmek işleriniň sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň çäklerinde we döwrebap şertlerde amala aşyrylmagyna mümkinçilik döreder.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şu günlerinde Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň edarasy tarapyndan «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça deslapky taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar.

 

Amangeldi Gandymow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary.