TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAÝLAW ULGAMY KÄMILLEŞÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ata Watanymyzda beýleki ähli ulgamlar bilen bir hatarda, saýlaw ulgamynyň işi, onuň kanunçylyk binýady we demokratik ýörelgeleri barha kämilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli hukuk kadalaryny kämilleşdirmek, jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak maksady bilen, täze kanun taslamalary işlenip taýýarlanylýar hem-de döwrüň talaplaryna laýyklykda, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şunuň bilen baglylykda, saýlaw ulgamyny kämilleşdirmek boýunça hem işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Munuň şeýledigine, 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen we şol ýylyň 1-nji iýulyndan güýje giren Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine häzirki wagta çenli halkara we milli tejribelerden ugur alnyp, jemi 10 gezek üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Has anygy:

2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda, 2016-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda, 2017-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda, 2017-nji ýylyň 25-nji noýabrynda, 2018-nji ýylyň 9-njy iýunynda, 2018-nji ýylyň 1-nji dekabrynda, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda, 2021-nji ýylyň 13-nji martynda, 2023-nji ýylyň 16-njy martynda, şeýle hem 2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň kanunlary kabul edildi.

Bu girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň esasy maksady, eziz Diýarymyzda saýlawlary ýokary guramaçylykly geçirmekden, saýlaw ulgamynyň kanunçylyk binýadyny döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň saýlaw ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek barada beren tabşyrygy esasynda, 2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun VI bapdan we 34 maddadan ybarat bolup, ol ýurdumyzyň saýlawlarda we sala salşyklarda ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň hem ýöretmegiň hukuk, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

Kanunyň esasy maksady Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlawçylaryň döwlet sanawyny üpjün etmek, maglumatlary saklamak, gaýtadan işlemek we ondan peýdalanmak üçin niýetlenen, Türkmenistanyň saýlaw hukukly raýatlarynyň döwlet sanawyny üpjün etmek üçin döredilen merkezleşdirilen sanly maglumat ulgamyny kemala getirmek hem-de bu hasabyň dogry we dürs ýöredilmegini, raýatlaryň saýlaw hukugynyň berjaý edilmegini, döwlet sanawynyň maglumatlarynyň ygtybarlylygyny, goraglylygyny üpjün etmek bolup durýar.

Saýlaw işlerine sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giňden ornaşdyrylmagy – bu möhüm syýasy çäräniň häzirki zaman şertlerinde ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün eder.

Ýurdumyzda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda bu kanun bilen baglanyşykly degişli tertipnamalardyr düzgünnamalar işlenilýär.

Demokratik döwletimizde geçirilýän saýlawlary mundan beýläk-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, halkara kadalaryna laýyklykda, hil taýdan ýokary derejede, köp partiýalylyk we giň bäsleşik şertlerinde, guramaçylykly geçirmek, raýatlarymyzyň saýlamak we saýlanmak hukuklaryndan peýdalanmaklary üçin ähli şertleri, giň mümkinçilikleri döretmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipeleriň biridir.

Saýlaw ulgamyny döwrün talabyna görä kämilleşdirmekde degerli nesihatlaryny, tabşyryklaryny berýän, agzybir halkyny demokratik ýol bilen bagtyýar geljege alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň belent bolmagyny, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Maksat Saipow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.