TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

HASYL TOÝY – BEREKEDIŇ BAÝRAMY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz özgertmeleriň we gülläp ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Elbetde, oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi hem täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu pudakda başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilmegi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Gadymy ekerançylyk medeniýetiniň mekany bolan güneşli ülkämizde oba hojalyk pudagynda gazanylýan üstünlikleriň şanyna her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýy giňden tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Hasyl toýy merdana halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň beýanydyr, ene topraga yhlasynyň we söýgüsiniň dabaralanmasydyr. Hasyl toýunyň eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde dabaraly ýagdaýda bellenilmegi, türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr.

Hasyl toýy diýlende ilki bilen edermen babadaýhanlarymyzyň maňlaý derini döküp, yhlasly çeken zähmetleriniň miweleri göz öňüňe gelýär. Ömrüni daýhançylyga bagyşlan gallaçylar, pagtaçylar, gök ekerançylar, maldarlar, oba hojalyk pudagynyň agzybir işgärleri halal zähmeti bilen sahawatly türkmen topragynda ekinleriň, ir-iýmişleriň bol hasylyny ýetişdirip, ýurdumyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda bäş müň ýyl mundan ozal ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaýyň däneleri hakynda gymmatly maglumatlar berilýär. Şöhratly ata-babalarymyzyň bu bereketli toprakda kemala getiren ekerançylyk däpleri häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkmenistan diňe bir azyklyk däl, eýsem, tohumlyk bugdaý ösdürip ýetişdirmekde hem uly üstünlikleri gazanýar. Ata-babalarymyzdan gelýän «Daýhandan hereket, ýerden bereket» diýen pähime eýerýän türkmen daýhanlary şu ýyl hem Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.

Bu babatda oba hojalyk toplumynyň ähli önümçilik düzümleriniň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna we döwrebaplaşdyrylmagyna, himiýa senagatynyň ösdürilmegine gönükdirýän döwlet goldawy, ägirt uly maýa goýum serişdeleri aýratyn ähmiýete eýedir. Oba hojalyk toplumy üçin döwrebap traktorlar, kombaýnlar, ekiş gurallary we beýleki tehnikalar yzygiderli satyn alynýar.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygy hem işjeňleşdirilýär. Bu Gurama oba hojalygyny daşky gurşawyň täsirlerine uýgunlaşan usullar esasynda ösdürmekden başlap, azyk önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamyny kämilleşdirmäge çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Türkmenistanyň ähli tagallalaryny işjeň goldaýar.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň we şalynyň döwlet satyn alyş bahalary ýokarlandyryldy. Oba zähmetkeşleriniň girdejileriniň artmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa oba ilatynyň rowaçlygynyň, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirdi.

Hasyl toýy mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, parahatçylykly ýurdumyzda öňdebaryjy daýhanlara, zähmet ussatlaryna ýörite Şa serpaýlary ýapylýar, hormatly atlar dakylýar. Bularyň ählisi güneşli Diýarymyzda bellenilýän bu toýuň baýramçylyk öwüşginini bütin ýer ýüzüne ýaýýar.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam etdirip, ene toprakdan bol hasyl öndürýän daýhanlarymyzy galkyndyrýan, türkmen halkyny eşretli durmuşda bagtyýar ýaşatmak üçin uly aladalary edip, eziz Watanymyzy gülledip ösdürýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletimiz üçin alyp barýan tutumly işleri dowamat-dowam bolsun!

Goý, sahawatly türkmen topragynyň rysgal-berekedi hiç mahal egsilmesin! Hasyl toýuňyz gutly bolsun, edermen babadaýhanlar!

 

Jennet Saparowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.