TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

HEMIŞELIK BITARAPLYK — BAKY BAGTYÝARLYK

Bagtyýarlyga beslenen hem-de dabarasy dünýä dolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyzyň durmuşynda şanly wakalara baý bolup, olaryň her biri buýsançly pursatlara beslenip gelýär. Bu buýsançly pursatlar her bir raýatyň, her bir ildeşimiziň köňlüne şatlyk, begenç duýgularyny eçilýär. Berkarar Watanymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän täze sepgitler hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň, durmuşa geçirýän belent maksatlarynyň rowaçlanýandygyny görkezýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli kararnamalary arkaly hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi üç gezek ykrar edilen ýurdumyzda şu ýylyň 12-nji dekabrynda şanly senäniň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara taýýarlyk işleri häzirki günlerde giň gerim bilen dowam edýär.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde garaljak meseleler barada aýdyp, Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň golaýlap gelýändigini we bu baýramyň giňden, dabaraly bellenilip geçiljekdigini nygtady. «Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barmak bilen, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirip, wajyp başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi möhüm wakalaryň biri boldy. Bu bolsa dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi goldamakda we berkitmekde aýgytly ädime öwrüldi» diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreler yzygiderli geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumynyň döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy. Bu halkara çäräni hemde baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini, bu asylly işe mynasyp goşant goşulmalydygyny belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy degişli ýolbaşçylaryň gözegçilik edýän düzümlerinde bu ugurda alnyp barylýan işler baradaky hasabatlaryny diňledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, şanly senäniň hormatyna guraljak dabaralaryň guramaçylygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini, şunda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmeli däldigini nygtady. Milli Liderimiz baýramçylyk günlerinde halkara ylmy-amaly maslahatlaryň guramaçylykly geçirilmelidigini, halkara çärelere meýletinçi, terjimeçi hökmünde gatnaşjak mugallymlardyr talyplaryň ýokary taýýarlygynyň üpjün edilmelidigini nygtady. Şeýle-de, şanly ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny mekdeplerde ýaş nesillere düşündirmegiň zerurdygyna, munuň olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ähmiýetli boljakdygyna hem ünsi çekdi. Umuman, halkara çäreleri üstünlikli geçirmek arkaly halkymyzyň asylly däp-dessurlary, myhmansöýerligi, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşi bütin dünýä aýdyň görkezilmelidir. Türkmen ilinde «Gelen — döwlet» diýen paýhasly jümlesi öz beýanyny tapmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Ýeri gelende bellesek, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr. Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza güýç-kuwwat berýär» diýip belledi. Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasaty biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly düşünje bolup, munuň özi häzirki zaman dünýä ýagdaýlarynyň çäginde adamzat medeniýetiniň ygtybarly geljegi baradaky ählumumy tagallalarda esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Halkymyz üçin parahatçylykly ösüş ýolunyň ähli maksatlary bagtyýar, asuda durmuşyň kepilidir.

Garaşsyz Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, halkara gatnaşyklarynyň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Munuň şeýledigine, şu ýylyň 14-nji oktýabrynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň hem-de özara bähbitli oýlanyşykly başlangyç- larynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

«Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň hem-de ählumumy derejesinde hemişelik bitaraplyk, parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini ilerletmekde öňdebaryjy ornunyň nobatdaky tassyknamasy boldy.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Konstitusion kanuny bilen berkidilendir. Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Konstitusion kanun bolsa strategik ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen taýýarlanan bu resminama hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ýörelgelerini we ileri tutulýan ugurlaryny kanun taýdan has-da berkitmekde, onuň geljekdäki möhüm wezipelerini kesgitlemekde ýene bir möhüm ädimdir. Mundan başga-da, şanly sene mynasybetli «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem bellärliklidir.

Şeýlelikde, hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan Bitaraplyk syýasatynyň türkmen nusgasy dünýä ýüzünde dabaralanýar.

Ýurdumyzda hemişe parahatçylygyň, asudalygyň höküm sürmegi üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak, umumadamzat bähbitli ynsanperwer işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.