TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

TÜRKMENISTAN – BITARAPLYK, PARAHATLYK MEKANY

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew batly ösüşlere beslenip, asuda geljege tarap ynamly ädimler bilen öňe barýar, diýarymyzyň her bir güni şatlykly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Eziz Diýarymyz dünýä döwletleri we iri halkara guramalary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ýaly dürli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan parasatly başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.

Watanymyzyň durnukly ösüşi onuň Bitaraplyk derejämize esaslanýan daşary syýasaty bilen berk baglanşyklydyr. Ýurtda abadançylygy we asudalygy berkarar etmek häsiýetine eýe bolmak bilen, hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň ylalaşdyryjy merkez hökmünde hem täze belent derejelere eýe bolmagyny şertlendirdi. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, paýtagtymyzyň bu abraýly düzümiň ştab-kwartirasy üçin saýlanyp alynmagy ýurdumyza bildirilýän halkara derejesindäki uly ynamyň subutnamasydyr.

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen   2025-nji ýylda ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde dürli mazmunly çäreler, duşuşyklar, maslahatlar geçirilip, ýurdumyzyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty halkara derejesinde giňden dabaralandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ata Watanymyzda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça şu günlerden uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýokary derejeli geçiriljek bu möhüm waka halkymyzyň hakydasynda we Diýarymyzyň taryhynda öçmejek yz goýup, dünýä jemgyýetçiliginiň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhy kökleri öz gözbaşyny türkmeniň müňýyllyklara siňýän şöhratly taryhynyň sahypalaryndan almak bilen, özboluşly häsiýete eýlenendir. Bu barada alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly eserinde çuňňur paýhasa ýugrup ýazyşy ýaly, halkymyzyň parahatçylyk, oňşuklylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri häzirki döwürde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi we onuň pugtalanmagy bilen öz mazmunyny baýlaşdyrýar.

«Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda» beýan edilen maksatlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyz tarapyndan halkara derejesindäki çäreleriň ençemesi guraldy hem-de bu asylly ýörelge yzygiderli dowam etdirilýär.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi türkmen halkynyň buýsanjynyň, bagtyýarlygynyň gözbaşydyr. Hemişelik Bitaraplygymyz hem edil Garaşsyzlygymyz ýaly, ýakymy bilen dabarasy soňlanmajak baýramdyr. Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň goşa ganatydyr. Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, halkara bileleşiginde abraýynyň artmagynda Bitaraplygyň ähmiýeti uludyr.

Türkmen halkyny ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Goý, parahatçylygyň, dostlugyň mekany bolan ata Watanymyzyň şan-şöhraty, abraý-mertebesi has-da belende galsyn!

 

Eziz Baýramow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Aşgabat şäheri boýunça iş ýöredijisi.