Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 6-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. «Kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilýär. Şeýle hem onda ýurdumyzda ýeten belent sepgitlerimiziň, gazanan üstünliklerimiziň jemi jemlenýär. Şoňa görä-de, bu kitap mähriban halkymyza sowgat bolar» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu eser Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän türkmen Bitaraplygynyň dünýä derejesinde ykrar edilmeginiň şanly 30 ýyllygynyň, Halkara Bitaraplyk gününiň dabaraly ýagdaýda giňden bellenilýän günlerinde mähriban halkymyza mynasyp sowgat boldy.
Hormatly Prezidentimiziň taryhy döwürde Watanymyzyň geçen şöhratly ýoly barada giňişleýin gürrüň berýän täze kitaby 9 bölümden ybarat bolup, onda türkmen Bitaraplygynyň parahatçylygy we durnukly ösüşi, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti giňden beýan edilýär. Kitap üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde ýokary çaphana usulynda neşir edilip, giň halk köpçüligine ýetirildi.
Eseriň «Bitaraplyk — türkmen paýhasynda», «Bitaraplygyň taryhy köklerine nazar aýlap» diýen bölümlerinde halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk ýörelgeleri dogrusynda taryhy delilleriň üsti bilen gürrüň edilýär. Ýurdumyzyň BMG bilen strategik ösüşe eýe bolan hyzmatdaşlygyna aýratyn bölüm bagyşlanypdyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitabynda: «ХХ asyryň ahyrynda dünýä jar edilen täze bir syýasy ýörelge hem-de onuň ХХI asyrdaky aýgytly gadamlary türkmen halkyna mahsus häsiýetleri bir söz arkaly hem beýan edip bolýandygyny görkezdi. Ol hemişelik Bitaraplyk derejämiz — türkmen halkyna mahsus bolan ähli beýik häsiýetleri özünde jemleýän oňyn Bitaraplyk» diýip belleýär.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ösdürilen oňyn Bitaraplyk syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Watanymyzyň toplan halkara abraýy bu ugruň örän dürs we oýlanyşykly saýlanyp alnan ýoldugyny aýdyň görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz täze kitabynyň «Parahatçylyk we ynanyşmak — döwrüň derwaýyslygy» atly bölüminde häzirki döwrüň möhüm meselelerine ünsi çekip, olaryň çözgüdinde altyn düzgünler hasaplanylýan parahatçylygyň we ynanyşmagyň bozulmagyna ýol berilmeli däldigini belleýär. «Parahatçylyk — türkmen siwilizasiýasynyň binýady» atly bölümde: «Oňuşmak, ýaraşmak, ylalaşykda ýaşamak ähli türkmeniň bir özi ýa milleti üçin däl, eýsem, dünýäniň ähli adamlary üçin edýän ýagşy dileg-dogasynyň maňzy-mazmunydyr» diýlip, örän parasatlylyk bilen bellenilýär. Kitap BMG-niň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamalary, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda kabul edilen taryhy resminamalar, hormatly Prezidentimiziň dürli sammitlerdäki, maslahatlardaky çykyşlary bilen jemlenýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň syýasy garaýyşlarynyň örän çuňdugyny, öňdengörüjiligini görkezýän täze kitapda häzirki çylşyrymly ählumumy şertlerde adamzadyň abadançylygyny üpjün etmekde, möhüm meseleleri oňyn çözmekde, dünýäde ynanyşmagy we dost-doganlygy pugtalandyrmakda Bitaraplygyň netijeli gurallaryndan peýdalanmagyň ýollary hakynda gymmatly pikirler öňe sürülýär.
Elbetde, «Türkmenistanyň Bitaraplygy—parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly çuň manyly ajaýyp kitabyň ähmiýetini we onuň many-mazmunyny ýaş nesle düşündirmek, wagyz-nesihat etmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Çünki bu kitap, şu günki we geljekki nesillerimize gymmatly sowgat hem-de gollanma bolar. Hormatly Prezidentimiziň jöwher galamynyň mundan beýläk-de ýiti, paýhas ummanyndan dörän eserleriniň dowamly bolmagyny arzuw edýäris.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän рarahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgesini ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.