Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler syýasaty ýurduň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Döwleti we jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny berkitmekde, milli kanunçylygymyzyň hukuk binýadyny halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmekde, sanly hyzmatlary milli ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna ornaşdyrmakda giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda ýer ýüzünde sanly ulgam, maglumat tehnologiýalary durmuşyň ähli ugurlaryna aralaşýar. Hut şu nukdaýnazardan hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün etmek we ykdysady ulgamy kämilleşdirmek maksady bilen, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly kadalaşdyryjy hukuk namalary döwrebaplaşdyrylyp, kämilleşdirilip, kanunlar, konsepsiýalar, döwlet maksatnamalary kabul edilýär, sanly ulgamyň kanunçylyk binýady berkidilýär.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň degişli konsepsiýasy, beýleki döwlet maksatnamalary sanly tehnologiýalary ähli pudaklara ornaşdyrmagyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Sanly çözgütleri giňden ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar. Sanly özgertmeler üçin ulgamlaýyn çemeleşmäni üpjün edýän döwlet maksatnamalary we konsepsiýalary maglumat tehnologiýalary pudagyny ösdürmek üçin esas bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda sanly çözgütler ulag, maliýe, bilim, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ulgamlaryna işjeň ornaşdyrylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda milli hukuk kadalaryny kämilleşdirmek, jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak maksady bilen, täze kanun taslamalary işlenip taýýarlanylýar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren maslahatynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak barada beren tabşyrygyna laýyklykda, şu ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
Saýlaw ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen bu Kanun saýlawçylaryň we sala salşyga gatnaşyjylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň hukuk hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Onuň maksady maglumatlary saklamak, gaýtadan işlemek we ondan peýdalanmak, saýlaw hukukly raýatlaryň döwlet hasabyny üpjün etmek üçin merkezleşdirilen sanly maglumat ulgamyny döretmekden hem-de bu hasabyň dogry hem dürs ýöredilmegini, raýatlaryň saýlaw hukugynyň berjaý edilmegini, maglumatlaryň ygtybarlylygyny, goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Kanun Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar we Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde taýýarlanyldy. Şu Kanun taýýarlanylanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň teklipleri nazara alyndy. Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakyndaky Kanun 6 bapdan we 34 maddadan ybarat bolup, Kanunyň esasy wezipeleri saýlawçylar baradaky şahsy maglumatlaryň hasaba alynmagyny guramakdan we ony ýöretmekden, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny, ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirmek üçin saýlawçylaryň sanawyny düzmekden ybarat bolup durýar. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizilýär.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynda hem degişli işler alnyp barylaýar. Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynda tassyklanan meýilnama esasynda bu Kanundan gelip çykýan degişli tertipnamalardyr düzgünnamalar işlenilip taýýarlanylýar. Bu kanun ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň demokratik esaslarda, saýlaw kanunçylygyna we halkara kadalaryna laýyklykda geçirilmeginde ähmiýetli bolar.
Saýlaw işlerine sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giňden ornaşdyrylmagy bu möhüm syýasy çäräniň häzirki zaman şertlerinde ýokary guramaçylykly derejede geçirilmegini üpjün eder.
Saýlaw işlerine sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzda bu möhüm syýasy çäräniň häzirki zaman şertlerinde we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Eziz Baýramow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Aşgabat şäheri boýunça iş ýöredijisi.