Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda şanly seneler, goşa-goşadan gelýän toýdur-baýramlarymyz ýokary guramaçylykly ýagdaýda, uly şatlyk hem şowhun bilen bellenilip geçilýär. Şeýle baýramlaryň hatarynda päk, ýagşy umyt-arzuwlary dabaralandyrýan Täze ýyl baýramy hem özboluşly täsirliligi bilen tapawutlanýar.
Täze ýyl baýramy biziň ählimize egsilmez şatlyk duýgularyny paýlap, özboluşly däpleri, şagalaňy bilen gurşap alýar. Uly-kiçi ähli adamlaryň biri-birine ýurt parahatçylygyny, abatlygyny, il agzybirligini, ýagşy niýetleri arzuw etmegi, birek-birege baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmagy bu baýramyň ähmiýetini artdyrýar. Halk arasynda «Täze ýyly nähili garşylasaň, ýylyň bütin dowamy hem şeýle bolýar» diýen yrym bu baýramçylygyň özboluşlylygyny häsiýetlendirýär. Ruhubelent halkymyzyň, şadyýan çagalarymyzyň, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýüzlerindäki begenç hem guwanç duýgulary, olaryň abadan durmuşymyzy wasp edýän joşgunly aýdymdyr tanslary ýurdumyzyň asudalygyndan, ähli ynsanlaryň Täze ýyly şatlyk-şowhunly garşylaýandygyndan habar berýär.
Täze ýyl her bir maşgalada mübärek garşylanylýar. Bu baýram maşgala baýramçylygy. Bu bolsa maşgala jebisligini, ýurdumyzyň abadanlygyny aňladýar. Täze ýyl özboluşly üýtgeşik baýramçylyk. Ol öz köklerini gadymy Rimden alyp gaýdýar. Yuliý Sezar-Rimiň baştutany biziň eramyzdan öňki 46-njy ýylda ýyl başynyň 1-nji ýanwardan başlanmagyny ýola goýupdyr. Bu gadymy Rimdäki Ýanus Hudaýynyň hormatyna şeýle atlandyrylypdyr. Ýagny bu hudaýy iki ýüz bilen şekillendiripdirler. Bir ýüzi öňe seredipdir we beýleki ýüzi yza seredip durupdyr. Täze ýylyň 31-nji dekabryndan 1-nji ýanwara geçilýän gijede bellenmegini bolsa Rus patyşasy Pýotr 1-nji ýola goýupdyr we bu sene bir döwrüň tamamlanyp, täze bir döwrüň başlanýandygyny aňladypdyr.
Köne ýyl bilen mynasyp hoşlaşmak, täze ýyly şadyýan, joşgunly garşylamak halk arasynda köp däpleri öz içine alýar, ýagny, Döwlet derejesinde, her bir maşgalada, şeýle-de her bir adam tarapyndan bir ýylyň dowamynda ýetilen sepgitlere ser salynýar, seljerilýär. Täze ýyl gijesi bolsa her bir ojakda desterhanlar boldan ýazylýar. Arçalaryň ýylpyldaýan oýnawaçlary, obalarda we şäherlerde ýoluň gyralaryndaky bezelen arçalar, yşyklar bilen bezelen öýler we akja gar tozgajyklary bilen garşylanýar. Bu görnüş ähli adamzadyň şähdini açýar we halkyň kalbynda gaýtalanmajak joşgun, şatlyk, ruhubelentlik döredýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, bedew bady bilen bagtyýar geljege tarap ynamly öňe barýan türkmen halky toý-baýramlara, şanly senelere, taryhy wakalara baý bolan 2025-nji ýyl, ýagny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen hoşlaşyp, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirjek 2026-njy ýyly — Gündogar müçenamasy boýunça on iki ýylyň ýedinjisi bolan ýylky (at) ýylyny uly joşgun bilen garşy alýar. Halk arasynda gadymy zamanlardan bäri ýaşap gelýän ynam-ygtykada görä, her ýylyň gelşi adyny göterýän jandarynyň häsiýetine, ýaşaýşyna, tebigatda özüni alyp barşyna meňzeýär diýilýär.
Asylly däbe görä, indi ençeme ýyllardan bäri, ýurdumyzda her täze ýyla özboluşly at dakylýar.
2026-njy ýyl hem halkymyzyň biragyzdan goldamagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany » diýlip yglan edildi.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, tamamlanýan ýylyň dowamynda ýurdumyzda uly işler amala aşyryldy. Bitarap ülkämizde ylmyň ösüşine, innowasion tehnologiýalaryň önümçilikde peýdalanylyşyna, sanly ulgamyň ösdürilişine aýratyn ähmiýet berilýär. 2025-nji ýyl taryhda yz galdyran ýyllaryň biri boldy. Mähriban ülkämize Bitaraplyk derejesiniň berilmeginiň şanly 30 ýyllyk dabarasy dünýäniň çar künjeginden myhmanlaryň gatnaşmagy, uly joşgun bilen bellenilip geçildi.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda köp ýyllaryň dowamynda halal zähmet çeken raýatlarymayza hormatly Prezidentimiziň kararyna laýyklykda, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar gowşuryldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň işgärlerine hem hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmak nesip etdi.
Elbetde, 2025-nji ýylda saýlaw ulgamynda hem netijeli ösüşler gazanyldy, «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi we başga-da bu ulgamyň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek babatynda birnäçe çäreler amala aşyryldy.
Geljek 2026-njy ýylda, diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuny dabara bilen belläris. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda geljek üçin ruhubelent çaklamalaryň garaşýandygyny aýratyn nygtaýar.
Täze ýyl parahatçylygyň, jebisligiň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň, uly ýeňişleriň hem-de rysgal-berekediň ýyly bolsun! Täze ýylda her bir maşgalada agzybirlik höküm sürsün! Täze ýyl ýurdumyza, halkymyza egsilmejek bagt, şatlyk paýlasyn.
Goý, 2026-njy ýylda-da Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-gün, ata Watan üçin edýän aladalary hasyl bolsun!
Ogulmaral Rejepowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.