Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna syn etmek boýunça GDA-nyň toparynyň ýolbaşçysy hökmünde Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşyk boldy.
Myhman hem-de onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary jemleýji tapgyryna gadam basan möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň çäklerinde Merkezi saýlaw toparynyň geçiren taýýarlyk işleri bilen tanyşdyryldy.
GDA-dan gelen Synçylar toparynyň işi bilen bagly meseleler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Toparyň düzümine Arkalaşygyň ýurtlarynyň 70-den gowrak wekilleri—parlamentariler, görnükli jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Belarusuň we Russiýanyň Parlament ýygnagynyň wekilleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärleri girdiler.
Duşuşygyň barşynda geçen ýyllaryň içinde Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygynda açyklyk, aýdyňlyk, demokratiýalylyk babatda düýpli özgerişlikleriň bolandygy hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna doly kybap gelýändigi bellenildi. Prezidentiň wezipesine dalaşgärleri hödürlemek hukugyndan ilkinji gezek syýasy partiýalaryň üçüsi--Demokratik partiýa, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy we Agrar partiýa peýdalandylar. Dalaşgärleriň ýene-de altysy raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenildi. Dalaşgärleriň hemmesine saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmek, saýlaw möwsüminiň barşyny giňden beýan eden tele radioýaýlymlarda, metbugat serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi. Merkezi topar ilkinji gezek Internet ulgamynda saýlawlar barada habarlary berýän ýöriteleşdirilen saýty döretdi.
Milli we halkara synçylaryň işlemegi üçin zerur şertler döredildi, munuň özi saýlaw möwsüminiň açyklygyna we aýdyňlygyna şaýatlyk edýär. Hususan-da, Merkezi saýlaw toparynyň ýardam etmeginde missiýanyň zerur guramaçylyk tehnikalary, aragatnaşyk enjamlary, maglumat we usulyýet edebiýatlary bilen üpjün edilen Ştaby açyldy.
GDA-dan gelen synçylar saýlaw möwsümine syn etmegiň barşynda Merkezi toparyň, Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ýolbaşçylary, Prezidentiň wezipesine dalaşgärleriň birnäçesiniň ynanylan wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler, Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde uçastok saýlaw toparlarynyň işleri bilen tanyşdylar. Olar saýlawlar güni ses bermegiň we sesleri sanamagyň barşyna syn etmek üçin saýlaw uçastoklaryna baryp görmegi göz öňünde tutýarlar.
Umuman, saýlaw möwsümi asuda ýagdaýda, açyk bäsleşik ruhunda, sypaýy we ýokary guramaçylyk derejesinde geçýär diýip,
S. Lebedew GDA-nyň Synçylar toparynyň gutarnykly netijelerini we bahalaryny saýlawlara syn etmegiň netijeleri boýunça jemleýji resminamada beýan etjekdigini aýtdy.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy pursatdan peýdalanyp, Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçylaryna 12-nji fewralda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna GDA-nyň synçylar toparynyň çagyrylandygy üçin hoşallyk bildirdi hem-de ýurtda ýaýbaňlandyrylan giň demokratik özgertmeler ýolunda ähmiýetli ädim bolan bu möhüm jemgyýetçilik, syýasy çäräni geçirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...