Milli Liderimiz hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy hemme taraplaýyn ösdürmek, özgertmek bilen bagly ulgamlaýyn meýilnamalara giň gerim, badalga berýär. Şol ulgamlaýyn işleriň netijesinde diňe bir ýurdumyzyň paýtagty Aşgabadyň däl, eýsem welaýatdyr etrap merkezleriniň, obadyr şäherçelerimiziň keşbi gün-günden özgerýär, gözelleşýär.
Türkmenistanyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyrylýan bu düýpli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde döwrebap durmuş-ykdysady düzümlerini döretmek üçin uly möçberli maýa goýumlary yzygiderli gönükdirilýär. Bu maýa goýumlary bolsa obalarymyzyň, etraplardaky şäherçelerimiziň hem-de welaýatlarymyzyň dolandyryş merkezleriniň döwrüň talaplaryna laýyk derejede täze keşbe eýe bolmagyna getirýär.
Milli Liderimiz şu ýylyň 31-nji oktýabrynda Gökdepe etrabynda iş saparynda bolup, Ahal welaýatynyň guruljak dolandyryş merkezini binagärlik-gurluşyk taýdan ösdürmegiň, şeýle hem dolandyryş desgalarynyň hem-de beýleki edaralaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň binalarynyň toplumynyň taslamalary bilen içgin tanyşmagynda bolsa, welaýat merkezlerimiziň durkunyň hem edil paýtagtymyzyňky ýaly lowurdap durmagynyň üpjün ediljekdiginiň ýene bir buşlukçysy bolup ýaňlandy. Bu ägirt uly taslama Türkmenistan atly bagtyýar ýurduň hormatly Baştutanynyň kalbynyň il-ýurt bähbitli tutumly işleri yzygiderli amala aşyrmak hyjuwy bilen gaýnap-joşýandygyndan, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyndan, raýatlarymyzyň ruhy-hal ýagdaýynyň has-da beýgelýändiginden nyşandyr.
Ahal welaýatynyň guruljak dolandyryş merkezini binagärlik-gurluşyk taýdan ösdürmegiň taslamalaryna laýyklykda, bu ýerde ýadygärlik binasyny, Döwlet baýdagy üçin beýik sütüni bolan meýdançany, şeýle-de häkimligiň, beýleki düzümleriň edaralarynyň binalaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, jemgyýetçilik guramalaryna, oba hojalyk, maliýe-ykdysady pudaklaryna, saglygy goraýyş toplumlaryna, ulag, aragatnaşyk, jemagat hojalygy we söwda pudaklaryna degişli edaralary, häzirki zaman sport düzümlerini, Ruhyýet köşgüni, welaýat medeniýet we baş bilim müdirliginiň binalaryny, drama teatryny hem-de kitaphanany, muzeý üçin binalary, döwrebap stadiony hem-de sport toplumynyň ikisini, häzirki zaman seýilgähini gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem Ahal welaýatynyň guruljak dolandyryş merkezinde bank toplumy üçin Merkezi bankyň Ahal welaýat dolandyrmasy, ýurdumyzyň iri banklarynyň şahamçalarynyň desgalary bina ediler. Ahal welaýatynyň hukuk goraýjy düzümlerine niýetlenen binalaryň gurluşygy hem amala aşyrylar. Ahalteke bedewleri üçin zerur bolan binalary, şeýle-de aýlawy, türgenleşik meýdançalary, manežleri, athanalary bolan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebini, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezini gurmak meýilleşdirilýär.
Täze gurluşyklarda orta hünär okuw mekdebiniň, umumy bilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurulmagy bilen bilim ulgamynyň edara binalary emele getiriler.
Durmuş düzümine degişli desgalaryň hatarynda köpugurly hassahananyň, saglyk öýüniň, aragatnaşyk edarasynyň, köp gatly awtoduralganyň we açyk awtoduralganyň, işewürlik merkeziniň, Bagt köşgüniň, bazaryň hem-de söwda merkeziniň binalarynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar.
Sebitiň dolandyryş merkezinde köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň täze toplumlary gurlar. Munuň bilen bagly taslamalaryň ençeme görnüşi teklip edildi. Şol görnüşleriň birinde 874 gektar meýdanda öýleriň 208-sini gurmak meýilleşdirilýär. Şolaryň, umuman, 13 müň 452 maşgala niýetlenilen 142 öýi — 12 gatly, 66-sy bolsa 9 gatly binalardyr. Netijede, bu ýerde 67 müň 260 adamly ýaşaýyş toplumy peýda bolar.
Hödürlenilen taslamanyň beýleki görnüşine laýyklykda, bu ýerde 212 sany bäş hem-de ýedi gatly ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolan toplumy gurmak göz öňünde tutulýar. Bu toplum 7 müň 916 hojalyk ýa-da 39 müň 580 adam üçin niýetlenilendir.
Taslamanyň üçünji görnüşinde jaýlaryň 235-sini gurmak göz öňünde tutulýar, şonda jaýlaryň köpüsi 9 gatly hem-de 72 öýli 12 gatly bolar. Umuman, şeýle ýaşaýyş toplumy 67 müň 770 adamyň ýaşap biljek öýleriniň 13 554-sine niýetlenendir.
Taslamanyň dördünji görnüşiniň eýeleýän meýdany 880 gektara deň bolup, onda 5 we 7 gatly jaýlar bina ediler.
Bäşinji görnüş bolsa, 862 gektar meýdany tutar. Ol ýerde dört hem dokuz gatly jaýlary gurmak meýilleşdirilýär.
Bulardan başga-da, jemgyýetçilik binalarynyň ýerleşdirilişiniň hem-de dürli gatlardan ybarat ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşyklarynyň taslamalarynyň ençemesiniň görnüşleri hödürlenildi.
Ahal welaýatynyň guruljak dolandyryş merkeziniň taslamalary taýýarlanylanda esasy üns ekologiýa, innowasiýa, täzeçillik we seýsmologiýa talaplaryna gönükdirildi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň gülşen Diýara öwrülmegine giň ýol açýan bu ajaýyp taslamalar üçin her bir türkmen raýaty milletiň Arkadagyna çäksiz hoşallyk bildirýär. Çünki, ýurt Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli tutumly işleri yzygiderli amala aşyrmak hyjuwy bilen gaýnap-joşýan kalbynyň töründe dörän bu uly tutumlar, ýakyn geljekde Zeminiň Türkmenistan atly döwletiniň jenneti mekana öwrüljekdiginiň aýdyň nyşanydyr.
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça goňşy...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparowyň çakylygy boýunça dostlukly...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça go...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 13-15-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Osaka şäherinde geç...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 3-4-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly, goňşy ýurt bolan Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarym...
Asuda ýurdumyzda 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan ýylyň her bir güni şanly wakalara, hoş habarlara beslenip gelýär. Şeýle taryhy ähmiýetli hoş habar Milli bahar ba...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 12-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyny innowasion taýdan diwer...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...