TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

22 Maý

Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklaryň täze ugurlary

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 18-19-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça, Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa  —  Hytaý» sammitine gatnaşdy.

Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Serdarymyzyň bu iş sapary Hytaý Halk Respublikasyna şu ýylyň dowamynda amala aşyran ikinji saparydyr. Munuň özi dostlukly döwletara gatnaşyklaryň  ösdürilýändigine, häzirki döwrüň ýagdaýlaryna görä, onuň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyna, geljegi nazarlaýan täze ugurlarynyň kesgitlenilýändigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýişi ýaly, «Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ägirt uludyr hem-de biz beýik döwlet bolan Hytaý bilen egin-egne berip, şol mümkinçilikleri halklarymyzyň dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň, parahatçylygyň, gülläp ösüşiň bähbidine gönükdir-mäge berk ygrarlydyrys».

Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň iň ygtybarly hyzmat-daşlarynyň biridir. Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynda ýangyç-energetika pudagy aýratyn ileri tutulýar. Mälim bolşy ýaly, türkmen tebigy gazy 2009-njy ýyldan bäri Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa bökdençsiz iberilýär

18-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Ýokary derejedäki geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmaga esaslanan energetika syýasatyny alyp barýandygyny nazara almak bilen, bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa ulgamynda hem özara gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar. Sebitde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasy bilen Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyny utgaşdyrmak boýunça tagallalaryň möhümdigi bellenildi. Munuň özi ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam eder. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetine aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda medeniýet, bilim, ylym, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Hytaýdaky Medeniýet ýylyny geçirmek barada pikir alyşdylar. Şol ýyl türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy hem toýlanar.

Döwlet Baştutanlary gepleşikleriň netijelerine uly kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň we Hytaýyň uzak möhletli, geljegi uly, köptaraply hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar.

19-njy maýda döwlet Baştutanymyz «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşdy. Türkmenistanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň arasyndaky ýokary derejedäki bu duşuşyk altytaraplaýyn görnüşde döwletara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga kuwwatly itergi bermäge, geljegi nazarlaýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň täze gurallaryny kesgitlemäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirip, iki taraplaýyn, şeýle hem köp taraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Döwletimiz iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşinde Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý Halk Respublikasy, Özbegistan we Täjigistan   bilen üstünlikli gatnaşyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitinde eden çuň manyly çykyşynda:  «Bu sammit häzirki döwürde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşini beýan edýär.

Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň halklaryny köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklar, hyzmatdaşlyk etmegiň we hoşniýetli goňşuçylygyň ägirt uly tejribesi baglanyşdyrýar. Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäkleriniň üsti bilen Ýewropa tarap uzan Beýik Ýüpek ýolunyň tutuş dünýä medeniýetiniň ösüşiniň hem-de ilerlemeginiň şerti bolandygy hemmä mälimdir. Şunuň bilen baglylykda, bu sammitiň gadymy döwürlerden bäri Merkezi Aziýada derweze diýlip atlandyrylyp gelinýän häzirki türkmen şäheri Mary bilen doganlaşan, Beýik Ýüpek ýolunyň başlangyç nokady — Hytaýyň gadymy paýtagty Sian şäherinde geçirilmeginiň simwoliki ähmiýetiniň bardygyny» belledi.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň soňunda, Türkmenistanyň alty döwletiň we olaryň halklarynyň dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli hem-de gyşarnyksyz berkitmegiň, hoşniýetli goňşuçylygy, köpasyrlyk dostlugy, özara hormat goýmak, birek-biregi goldamak däplerini gorap saklamagyň zerurdygyna berk ynanýandygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda alty taraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen birlikde, ozal gazanylan döwletara ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilişine seljerme we syn berildi. Geljekki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, bu format, gürrüňsiz, Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berer, gazanylan ylalaşyklar bolsa alty döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň esasyny berkider. Döwlet Baştutanlary forumyň her iki ýyldan Hytaýda we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda nobatma-nobat geçirilmegi hakynda ylalaşdylar. Gün tertibine girizilen meseleler ara alnyp maslahatlaşylandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

08 Iýun
Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri önümçilik tejribesinde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Eziz Diýarymyz bu gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyr-makda ösüş hem...

06 Iýun
Saýlaw uçastogy döredildi

Mälim bolşy ýaly, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň s...

05 Iýun
Türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynda täze sahypa

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 3-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, türk tarapynyň çakylygy boýunça, Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünd...

02 Iýun
Saýlawlara taýýarlyk: okuw maslahaty geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleriniň çäklerinde, saýlaw çärelerin...

24 Maý
2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça döredilen saýlaw okruglarynyň belgileri we araçäkleri barada maglumat

1-nji saýlaw okrugy: Araçäkleri: Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Bajam Kowusow köçesiniň 2-13, 21, 23, 25, 27, 29-njy ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alýar.   2-nji sa...

24 Maý
Dalaşgärleri hödürlemek möwsümi başlandy

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlaryna guramaçylykly taýýarlyk görülýär. Saýlaw möwsümi...

22 Maý
Deputatlar üçin täze ýaşaýyş jaýy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar ýaşaýşynyň, öndürijilikli zähmetiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy...

22 Maý
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklaryň täze ugurlary

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 18-19-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz, Hytaý Halk Re...