Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 3-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, türk tarapynyň çakylygy boýunça, Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, 28-nji maýda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan Rejep Taýyp Ärdoganyň döwlet Baştutany wezipesine girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiziň Ankara şu gezekki sapary döwletara dialogyň taryhynda möhüm waka boldy.
Saýlawlaryň netijesi doganlyk türk halkynyň oňa bildirýän berk ynamynyň we goldawynyň, şeýle hem Türkiýäniň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda bitirýän hyzmatlarynyň doly ykrar edilýändigine, syýasy işde we döwleti dolandyrmakda uly tejribesi bolan Rejep Taýyp Ärdoganyň baştutanlygynda dostlukly ýurduň parahatçylyk, durnuklylyk we abadançylyk ugrunda mundan beýläk-de gülläp ösjekdigine şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň türk Lideriniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara gatnaşmagy iki dostlukly ýurduň netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagy maksat edinýändik-leriniň aýdyň subutnamasydyr.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumynyň Sergiler merkeziniň uly zalynda Rejep Taýyp Ärdoganyň döwlet Baştutany wezipesine girişmegi mynasybetli dabaralara köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda gatnaşan döwlet Baştutanymyz türk Lideri bilen dostlarça salamlaşyp, ýurduň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bolan nobatdaky Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli Rejep Taýyp Ärdogany gutlady we oňa ýokary döwlet wezipesine resmi taýdan girişmegi mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli doganlyk döwletiň Baştutanyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän türkmen-türk gatnaşyklary mizemez dost-doganlygyň, özara ynanyşmagyň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Häzirki döwürde ýokary derejä eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklar dürli ulgamlarda depginli ösdürilýär. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde döwletara hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli pugtalandyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Serdarymyzyň Türkiýe Respublikasyna şu gezekki döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiziň Ankara şäheriniň «Esenboga» Halkara howa menziline bardy. Ol ýerde hormatly Prezidentimiz türk işewürleri bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Hususan-da, Türkiýäniň işewürleriniň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän dürli taslamalara gatnaşmagynyň möhüm orny nygtaldy. Munuň özi iki ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup, Türkmenistanda maýa goýumlar üçin amatly şertleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...