Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 63-nji maddasyna laýyklykda, wagyz işleri dalaşgäriň bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň geçiriljek gününden bir gün öň bes edilýär.
Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça bu möwsümi ýokary guramaçylykly we milli demokratik ýörelgelere laýyklykda, açyklyk, aýanlyk ýagdaýynda geçirmek maksady bilen ähli dalaşgärlere deň şertleriň döredilendigini turuwbaşdan bellemek gerek.
Geňeşler ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bolmak bilen, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatyna, giň möçberli özgertmeleriň we toplumlaýyn ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine işjeň gatnaşýarlar.
Wagyz işleriniň çäklerinde Aba Annaýew şäherçesinde geçirilen duşuşyklarda saýlawçylar dalaşgärleriň terjimehallary we hormatly Prezidentimiziň il-ýurt dalaşgärleriň bähbitli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda alyp barjak işleri bilen giňişleýin tanyşdylar. Dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň, milli synçylaryň gatnaşmagynda işjeňlik hem-de aýanlyk şertlerinde geçirilen bu duşuşyk ýygnaklarynyň barşynda dalaşgärler saýlawçylaryň sowallaryna hem jogap berdiler.
Merkezi saýlaw toparynyň internet-saýtynda (saylav.gov.tm) Merkezi saýlaw toparynyň saýlaw möwsümine dahylly kabul eden kararlary, düzgünnamalar we gollanmalar, täzelikler we habarlar öz wagtynda yzygiderli ýerleşdirildi.
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...