TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

19 Mart

Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri 2024-nji ýylyň 15-17-nji martynda geçirilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletlerden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistan döwletinden halkara synçy bolup gatnaşdylar.

Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri Russiýa Federasiýasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy bilen tanyşdylar we saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişine syn etdiler.  Şeýle-de, 15-16-njy martda geçirilen «saýlaw özygtyýarlylygy we halkara ülňüleri» atly halkara maslahatyna hem gatnaşdylar.

Saýlawlara taýýarlyk görmek hem-de ony geçirmek işlerini Russiýa Federasiýasynyň Merkezi saýlaw topary, subýektleriniň saýlaw toparlarynyň 89-sy,  ýerli saýlaw toparlarynyň 2910-sy we uçastok saýlaw toparlarynyň 94 müňden gowragy amala aşyrdylar.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça ses bermegi geçirmek üçin 94 müňden gowraк saýlaw uçastogy (şol sanda 295-si daşary ýurtlarda) döredildi. Şol saýlaw uçastoklarynyň 40.000-sinde ýörite wideo kameralar gurnalypdyr.  

Şu gezekki saýlawlarda ilkinji gezek saýlawçylara elektron, ýagny uzakdan elektron ses bermek şertleri döredildi. Moskwa bilen bir hatarda Russiýanyň 29 sebitinde uzakdan elektron görnüşde ses bermek geçirildi. Saýlawlarda umumy ses bermäge gatnaşan 87,1 million adamdan,  4,4 milliony uzakdan elektron ses bermek mümkinçiliklerinden peýdalandylar.

Russiýa Federasiýasynyň Merkezi saýlaw toparynyň berýän maglumatyna görä, saýlawlarda halkara synçylarynyň 1115-si saýlawlaryň geçirilişine syn etdiler. Şeýle hem akkreditirlenen daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri 2024-nji ýylyň 15-martynda Russiýa Federasiýasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Ella Aleksandrowna Pamfilowa bilen duşuşdylar. Şeýle hem 17-nji martda ses bermek tamamlanandan soňra, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň orunbasary I.T.Nematowyň GDA gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren geňeşine-de gatnaşdylar.

Russiýa Federasiýasynyň Merkezi saýlaw toparynyň saýlawlaryň gutarnykly jemi baradaky habaryna görä, hasaba alnan 114 million 212 müňden gowrak saýlawçydan 77,44 göterimi ses bermäge gatnaşdy.

Şeýlelikde saýlawlaryň netijeleri boýunça Russiýa Federasiýasynyň Merkezi saýlaw toparynyň berýän maglumatyna görä, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň saýlawlarynda bäsleşen 4 dalaşgäriň arasynda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň 87,28 göteriminiň sesini alan häzirki döwlet baştutany Wladimir Wladimirowiç Putin Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine saýlandy.

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...