TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

25 Mart

BMG-den gelen hoş habar

Mälim boşy ýaly, 2024-nji ýylyň 23-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan hoş habaryň gelip gowşandygy barada habar berildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle hem bu resminama dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyk dialogynyň medeniýetini öňe sürmekde alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigini görkezýär. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň içeri we daşary syýasatynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Ýurdumyzyň halkara guramalary, ilkinji nobatda, BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýüzünde parahatçylygyň berkarar bolmagyna gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Döwlet Baştutanymyzyň sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň teklibi boýunça birnäçe Kararnamalary kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza ýüzlendi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly kararnamanyň kabul edilendigine ünsi çekdi. 

BMG-ä agza ýurtlaryň Türkmenistanyň bu başlangyjyny goldamagy, oňa 86 ýurduň awtordaş bolmagy biziň üçin örän uly abraýdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu başlangyjy goldan ähli ýurtlara türkmen halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu resminamanyň kabul edilmegi Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtap, mejlise gatnaşyjylary we ähli watandaşlarymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...

28 Awg
BMG-niň Baş sekretarynyň hoşallyk haty

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...

21 Awg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek senesi kesgitlenildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji awgustda kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindä...

22 Iýul
Saýlaw ulgamynyň işi kämilleşýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman...

18 Iýul
Türkmen azerbaýjan dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 16-17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

09 Iýul
Halkara maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçir...

18 Iýun
«Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammiti

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäh...

12 Iýun
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanda...