TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

05 Iýul

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatla-rynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar boýunça wagyz möwsümi tamamlandy

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 63-nji maddasyna laýyklykda, wagyz işleri dalaşgäriň bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň geçiriljek gününden bir gün öň bes edilýär.

Saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri saýlaw möwsüminiň dowamynda saýlawlar bilen baglanyşykly işleriň aýanlygyna we raýatlaryň giňden habarly edilmegine, saýlawçylaryň öz erkini düşünjeli beýan etmegine, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna mynasyp dalaşgäre ses bermeklige işjeň gatnaşmaklyga gönükdirilip amala aşyrylýan hereketdir.          

Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara bolmak bilen, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatyna, giň möçberli özgertmeleriň we toplumlaýyn ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine işjeň gatnaşýar.

Wagyz işleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda geçiriljek saýlawlary guramaçylykly we milli demokratik ýörelgelere laýyklykda, açyklyk, aýanlyk ýagdaýynda geçirmek maksady bilen, bellige alnan ähli dalaşgärlere saýlaw kanunçylygyna, halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglarynyň çägindäki saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmek üçin deň şertler we mümkinçilikler döredildi. Şeýle hem dalaşgärler «Altyn asyr: Türkmenistan», «Türkmenistan» we «Aşgabat» teleýaýlymlarynda saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen çykyş etdiler. Merkezi we ýerli metbugatda bellige alnan dalaşgärleriň sanawy hem-de olaryň terjimehallary çap edildi.

Duşuşyklarda saýlawçylar dalaşgärleriň hünär we guramaçylyk ukyplary, olaryň maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşdylar. Ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalar olaryň maksatnamalarynyň esasy mazmunyny düzdi. Dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň, milli synçylaryň gatnaşmagynda işjeňlik hem-de aýanlyk şertlerinde geçirilen bu duşuşyk ýygnaklarynyň barşynda dalaşgärler saýlawçylaryň sowallaryna hem jogap berdiler.

Dalaşgärler türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde öz bilimlerini, başarnyklaryny, tejribelerini, tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna saýlawçylaryny ynandyrdylar.

Merkezi saýlaw toparynyň internet-saýtynda (saylav.gov.tm) Merkezi saýlaw toparynyň saýlaw möwsümine dahylly kabul eden kararlary, täzelikler we habarlar öz wagtynda yzygiderli ýerleşdirildi.

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...

28 Noý
Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...