TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

05 Iýul

Astanada «ŞHG+» formatynda geçirilen duşuşyk

Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we giň netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýada bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär.

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýy­lyň 4-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly, goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Astanada geçirilen «ŞHG+» formatynda guralan ýokary derejeli duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Ýeri gelende bellesek, ŞHG öz gözbaşyny 1996-njy ýylda esaslandyrylan «Şanhaý bäşliginden» alyp gaýdyp, 2001-nji ýylda düzüminiň giňeldilmegi bilen, ol «Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy» diýlip atlandyryldy. Häzirki wagtda bu düzüme agza ýurtlaryň 9-sy — Hindistan, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Pakistan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan Ýewraziýa yklymynyň 65 göterimini eýeläp, Ýer ýüzüniň ilatynyň tas ýarysy şu ägirt uly giňişlikde ýaşaýar.

Gazagystan Respublikasy 2023-2024-nji ýyllarda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etdi. «Köptaraplaýyn dialogy berkitmek: durnukly parahatçylyga we ösüşe tarap ymtylmalar» mowzugynda geçirilen   sammitde ýurtda geçen döwürde ŞHG-niň ugry boýunça guralan dürli mazmunly çäreleriň jemi jemlendi. Sammite 16 ýurtdan döwlet we hökümet Baştutanlary, şeýle-de, hormatly myhmanlar hökmünde, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we käbir beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýokary derejedäki duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan «Garaşsyzlyk» köşgüne bardy. Ol ýerde Gahryman Arkadagymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Wekiliýet Baştutanlarynyň bilelikde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, uly mejlisler zalynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň «ŞHG+» görnüşindäki mejlisi geçirildi. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýygnananlary mähirli mübärekläp hem-de parahatçylykly, sazlaşykly ösüşiň gün tertibini ilerletmekde şu sammitiň ähmiýetini belläp, Gahryman Arkadagymyza söz berdi.

Çykyşynyň başynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine çakylygy, myhmansöýerlik hem-de mejlisiň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejede geçirilýän mejlislerine hormatly myhman hökmünde indi birnäçe gezek gatnaşyp gelýär. Munuň özi asylly däbe öwrüldi we biz şeýle derejäni Türkmenistana hormat-sarpanyň nyşany, ýurdumyza bildirilýän ynamyň ýokary derejesiniň we açyklygyň, gurama bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşmagyň görkezijisi hökmünde kabul edýäris. Şeýle çemeleşme Türkmenistanyň meýillerine doly laýyk gelýär. Biziň ýurdumyz ŞHG-ni möhüm ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Mälim bolşy ýaly, golaýda Aşgabat «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» derejesine mynasyp boldy. Bu dereje giň halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda ŞHG döwletleriniň türgenleriniň gatnaşmagy arkaly hyzmatdaşlyk üçin açyklygy göz öňünde tutýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işine uly hormat goýýandygyny, onuň bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk gatnaşyklaryna berk ygrarlydygyny tassyklaýaryn diýdi hem-de mejlise gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikli işlemegi arzuw etdi.

Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyz Astana şäheriniň merkezinde, Turan köçesiniň ugrunda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi ajaýyp söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede baýram edilýän ýylynda geçirilýän dabara iki doganlyk halkyň medeni we ruhy gatnaşyklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Soňra, «Akorda» köşgünde  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy geçirildi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp hem-de Astana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyzyň şu gezekki saparynyň we ŞHG-niň sammitine gatnaşmagynyň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim bolup durýandygyny Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti belledi.

16 Okt
Täze önümçilik desgasynyň düýbi tutuldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 15-nji okt­ýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşy...

13 Okt
«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...

08 Okt
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýy­lyň 7-nji okt­ýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

25 Sent
Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...

18 Sent
ÝHHG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...

09 Sent
Täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana işe girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...

04 Sent
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...