TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

10 Okt

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň mejlisi

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 7-8-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Moskwa şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.

Ýurdumyz özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, dürli ulgamlarda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini nazara alyp, Arkalaşygyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Ýurdumyzy GDA-nyň döwletleri bilen däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, ysnyşykly taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Moskwada geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň Prezidentleri we Ermenistan Respublikasynyň Premýer ministri gatnaşdy.

Russiýa Federasiýasynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde, döwlet Baştutanymyz 8-nji oktýabrda GDA-nyň sammitiniň geçirilýän ýeri bolan Uly Kreml köşgüne bardy. Ol ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin sammite gatnaşyjylary mübärekläp, mejlisiň gün tertibiniň Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny, şol sanda ykdysady, söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygy, dürli pudaklarda täze iri, özara bähbitli taslamalary amala aşyrmak üçin bar bolan mümkinçilikler, ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar, şeýle hem beýleki möhüm ugurlar boýunça pikir alyşmak bilen bagly meseleleri öz içine alýandygyny belledi. Soňra döwlet Baştutanlaryna söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine myhmansöýerlik, mähirli kabul edendigi hem-de işlemek üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçmezden ozal, Russiýanyň Prezidentini doglan güni bilen ýene-de bir gezek gutlady we oňa berk jan saglyk, Russiýanyň halkyna hem-de döwletine hyzmat etmekde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Ýokary derejeli geçirilen mejlisde eden çuň manyly çykyşynda hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýişi ýaly, şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin esasy ileri tutulýan ugurlary we wezipeleri durmuşa geçirmegiň nyşany astynda geçýär. Munuň özi howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmakdan, ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Geljek döwürde Arkalaşygyň öňünde biziň mümkinçiliklerimizden has doly peýdalanmak, dünýä syýasatynda, ykdysady durmuşynda bolup geçýän üýtgeşmeler bilen baglylykda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek hem-de täze maksatlara ýetmek wezipeleri durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz wekiliýet Baştutanlaryna ýüzlenip, Türkmenistan 11-nji oktýabrda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma Arkalaşygyň ýurtlarynyň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagyna ýokary baha berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we munuň üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda Arkalaşykda netijeli başlyklyk edýändigi üçin Russiýa Federasiýasyna, şeýle hem özara hyzmatdaşlygy utgaşdyrýandygy we bu duşuşygy taýýarlamaga, üstünlikli geçirmäge goşan goşandy üçin GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe minnetdarlyk bildirdi.

Soňra sammit GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Sammit jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy bilen tamamlandy. Şol resminamalaryň hatarynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2025-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek baradaky çözgüdi bar. Geljek ýyl guramada Täjigistan Respublikasy başlyklyk eder. Şol döwürde Russiýa Federasiýasy we Türkmenistan bilelikde başlyklyk edijiniň borçlaryny ýerine ýetirer.

14 Okt
Dünýä ýaň salan akyldar şahyryň toýy

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda   paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300...

10 Okt
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň mejlisi

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 7-8-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Moskwa şäher...

08 Okt
Uçastok saýlaw toparlary täzeden döredilýär

Mälim bolşy ýaly, şu günler 2019-njy ýylyň noýabr aýynda döredilen uçastok saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli, uçastok saýlaw toparlaryny täzeden döretmek işl...

26 Sent
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

20 Sent
Okuw maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 18-19-njy sentýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň guramagynda saýlawlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek atly okuw m...

19 Sent
Hyzmatdaşlygyň täze tapgyry: «Merkezi Aziýa –Germaniýa» sammiti

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýy­lyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astan...

13 Sent
Geljegi nazarlaýan Türkmen — Owgan goňşuçylyk gatnaşyklarynda täze sahypa

Mälim boşy ýaly, 2024-nji ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Ol ýe...

04 Sent
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...