Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň çakylygy boýunça Budapeşt şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisine, bu düzümiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, Aksakgallar geňeşi Türki Döwletleriň Guramasynyň maslahat beriji guramasydyr. Onuň düzümine belli jemgyýetçilik işgärleriniň hataryndan bellenilýän Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň hormatly ýaşululary girýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprelinden bäri bu düzümiň agzasydyr.
Budapeşt şäherinde geçirilen duşuşyga Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym duşuşygy açyp, ýygnananlara geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşmaga çakylygy kabul edip, gelendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Nobatdaky mejlisiň gün tertibine Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň işi bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi.
TDG-niň işinde bu düzümiň möhüm ornuna aýratyn üns berilýär. Onuň çäklerinde türki döwletleriň arasynda köpugurly netijeli hyzmat- daşlyk amala aşyrylýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda şu ýylyň martynda Aşgabatda geçirilen 15-nji mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, şol mejlisde öňe sürlen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmäge gönükdirilen teklipleriň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.
Çykyşynyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik hem-de işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyryma we geňeşiň agzasy Atilla Tilkä minnetdarlyk bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara ýüzlenip, eden çuň manyly çykyşynda: «Şu gün biz ýurtlarymyzyň Liderleriniň öňe sürýän wajyp meselelerinden ugur alyp, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsan-perwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygymyzy ara alyp maslahatlaşýarys. Türki dilli döwletleriň Baştutanlary hemişe möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýärler» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu başlangyjy türki dünýäniň ýurtlary ilkinjileriň hatarynda goldadylar. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi. Geljek ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl dolýar. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisi ýylda iki gezek geçirilýär. Halkymyzda toýlar goşa-goşadan gelýär diýip, Milli Liderimiz nygtady we geňeşiň geljek ýyldaky soňky mejlisini ýurdumyzyň Bitaraplygynyň ýubileýine gabatlap, Aşgabatda geçirmegi teklip etdi. Munuň özi Türkmenistan üçin hormatyň nyşany bolar diýip belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, halkymyzda Muhammet pygamberiň ýaşyna — 63 ýaşa ýeten adamlar «hormatly ýaşuly» diýlip atlandyrylýar. Şoňa görä-de, geljekde geňeşimizi «Ýaşulular geňeşi» diýip atlandyrmagy hem-de şu nukdaýnazardan ugur alyp, bu düzümiň «Hormatly il ýaşulusy» diýen sylagyny we onuň nyşanyny döretmegi teklip etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Binali Ýyldyrymyň alyp barýan netijeli işlerini belläp, geňeşiň halkara derejedäki gurama diýlip ykrar edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Şu günki günüň siwilizasiýasyny ýaş nesillere geçirmegi möhüm mesele hökmünde görýärin diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we geňeşiň gazetini ýa-da žurnalyny, internet saýtyny döretmegi teklip etdi.
Şeýlelikde, Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisiniň dowamynda öňe sürlen teklipleriň, şol sanda türkmen halkynynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi gurama agza döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam eder.
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy....
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 30-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala...
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarysta...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...
2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçis...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji maýynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Balkan welaýaty...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça goňşy...