TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

05 Dek

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda paýtagtymyza iş sapary bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti, uly geňeşçisi Dewid Lýuwisiň iş saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G. Myradow bilen duşuşygy boldy.

Duşuşyga Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilleri we Merkezi saýlaw toparyň edarasynyň wekilleri gatnaşdylar. Myhmanlar Türkmenistanyň saýlaw ulgamy, ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik esaslarda geçirilýän saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly işleri alyp barýan saýlaw toparlary,  olaryň döredilişi we ygtyýarlyklary hem-de amala aşyrýan işleri bilen tanyşdyryldy. Mundan başga-da,  saýlaw möwsüminiň dowamynda syýasy partiýalar we raýatlar toparlary tarapyndan dalaşgärleri hödürlemegiň tertibi barada, saýlawlara sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, saýlaw ulgamynda halkara gatnaşyklary we halkara synçylary barada giňişleýin düşünje berildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzda geljekde saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmeginde peýdaly boljak şular ýaly duşuşyk-maslahaty geçirmäge döredip beren mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny aýtdylar.

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...