TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

09 Dek

Şöhratly geçmişiň beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly şanly wakalara, uly üstünliklere beslenip, şöhratly taryhymyzyň zerbap sahypalarynda öçmejek yz goýýar. Bilşimiz ýaly, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýakynda geçiren iş maslahatynyň dowamynda zähmet rugsadynda döredijilik işleri bilen meşgullanyp, täze kitaby ýazyp tamamlandygyny, oňa «Hakyda göwheri» diýip at goýandygyny aýtdy. Bu hoş habar ulus-ilimizde şatlyk we begenç, buýsanç duýgusyny döretdi.

Häzirki günlerde Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren, ozalky döredijilik dürdäne eserleriniň üstüni ýetiren, türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen «Hakyda göwheri» atly täze eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirilýär. Bu çuň manyly eseriň Halkara Bitaraplyk gününiň we Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda halkymyza ýetirilmeginiň uly manysy bar. Bu kitapda türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetine goşan ägirt uly goşandy we dünýä taryhyndaky orny barada ylmy taýdan delillendirilen baý maglumatlar beýan edilýär.  Munuň özi bu kitabyň örän wajyp ähmiýete eýedigini görkezýär. Halk arasyndaky «Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana» diýen many-mazmunly jümle ýöne ýere dörän däldir.

Gahryman Arkadagymyz täze eserinde türkmen topragynda ömür sürüp, yklymlaryň taryhy ösüşine uly goşant goşan meşhur serkerdeler, şalar, soltanlar, akyldarlar baradaky pikir-garaýyşlaryny-da halka ýetirýär. Bu kitabyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halka gowuşmagy-da uly mana eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň   edebiýata, medeniýete, Magtymguly Pyraga goýýan bimöçber sarpasy hemmelere mälimdir.

Milli Liderimiziň çuňňur zehininden kemal tapan täze kitabynda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, taryhymyzyň şöhratly sahypalary, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy beýan edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlarynyň beýanydyr. Kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň «Taryha syýahat» atly birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly bolan, saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz bular baradaky garaýyşlaryny we pikirlerini  bu  babyň «Taryh şu ýerden başlanýar», «Änew medeniýeti», «Bürünç zamanynyň medeni ojaklary», «Beýik seljuklar döwri» we «Horezmşalar döwleti» ýaly bäş bölümiň üsti bilen täsirli beýan edipdir.

Kitabyň  diýip atlandyrylan ikinji babynda bolsa halkymyzyň ruhy–medeni mirasynyň köp öwüşginli gymmatlyklary dogrusynda söz açylýar. Bu baradaky gyzykly söhbetler babyň «Zehin aýdyňlygy, paýhas käni», «Oguznama» – dünýä baýlygy», «Täsin söhbediň beýany», «Hazyna eýesine hazynadar diýerler», «Döwletliniň döwlet gözbaşy» we «Gadymy heňňamyň aýdymy» diýen alty sany bölümler arkaly okyja ýetirilýär.

Ata Watanymyz dünýäde deňi-taýy bolmadyk nepis halylaryň, zergärçiligiň, senetçiligiň, ussaçylygyň gadymy mekanydyr. Bu gadymy toprakda geçmişde milli gymmatlyklaryň gaýtalanmajak nusgalary döredilipdir. Olaryň ebedileşdirilmegi, dünýäde wagyz edilmegi, milli mirasymyza bolan çäksiz buýsanç duýgusy halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz kitabyň sahypalarynda: «Ynsany bagtyýarlyga eltýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr. Taryh hakynda söz açylanda, dünýäniň iň gadymy halklarynyň arasynda, ilki bilen, türkmen halky hem ýatlanylýar» diýip belleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ylmy-filosofik eserleri watandaş-larymyzyň her biri üçin durmuş we döredijilik şamçyragydyr. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eserler ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr. Hut şu jähetden, türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly kitaby hem halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasynyň dür-merjeni bolmak bilen, nesilleriň ylham çeşmesi bolup hyzmat eder.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, halkymyzda «Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz» diýilýär. Milliligimizi unutman, hemişe ata-babalarymyzyň ýoluna eýermelidiris, şol bir wagtda döwür bilen aýakdaş gitmelidiris. Biziň her birimiz baý edebi mirasymyza, berkarar döwletimiziň gazanýan ösüşlerine buýsanmaga hem guwanmaga haklydyrys. Çünki biz beýik döwletdiris. Beýik döwletiň bolsa beýik milleti bardyr.

Gahryman Arkadagymyzyň mundan beýläk-de galamynyň ýiti, döredijilik äleminde gadamynyň dowamat-dowam bolmagyny, täze kitabynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.

11 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 9-10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň...

09 Dek
Şöhratly geçmişiň beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly şanly wakalara, uly üstünliklere beslenip, şöhratly taryhymyzyň zerbap sahypalarynda öçmejek yz goýýar. Bilşimiz ýaly, Türkmen halkynyň Mil...

05 Dek
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda paýtagtymyza iş sapary bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-p...

03 Dek
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýy­lyň 29-njy noýabrynda  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Weng­riýa iş saparyny amala aşy...

19 Noý
Merkezi saýlaw topary täzeden döredildi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde ykrar edilýän ynsanperwer, pähim-parasatly syýasaty esasynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saýlaw ulgamynyň işi yzygiderli käm...

11 Noý
Watanymyz — bagy-bossan

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Güneşl...

29 Okt
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri 2024-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda geçirilen Özbegistan Respublikasynyň Kanun çykaryjy palatasy bolan Oliý Mejlis...

14 Okt
Dünýä ýaň salan akyldar şahyryň toýy

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda   paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300...