TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

13 Mart

Täze keramiki önümleri kärhanasy işe girizildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 12-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyny innowasion taýdan diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli işler häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Eziz Diýarymyzy kuwwatly senagat döwletine öwürmek hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ozal hereket edýän senagat kärhanalarynyň kuwwatyny artdyrmak, täzelerini işe girizmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda hereket edýän kuwwatly önümçilik kärhanalarynyň üstüni ýetiren, sebitde deňi-taýy bolmadyk «Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy doly äşgär etdi. Ýeri gelende bellesek, «Bäherden» keramiki önümler kärhanasy ýurdumyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ýylda, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy baýram edilýän ýylymyzda dabaraly ýagdaýda ulanylyşa girizilen ilkinji önümçilik toplumydyr. 

Dabarada «Bäherden» keramiki önümleri kärhanasy bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. Kärhana Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda «Eziz doganlar» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy. Önümçilik toplumy edara binasyndan, keramika bezeg plitalary öndürýän zawoddan, sanfaýans önümlerini öndürýän zawoddan, Abatlaýyş ussahanasyndan, naharhanadan we işçiler üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryndan we beýleki düzümlerden  ybaratdyr.

Kärhanada Italiýanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyrylandyr. Keramogranit plitalaryny we keramiki önümlerini öndürýän kärhananyň çägi 30 gektar meýdany eýeleýär. Innowasion robotlaşdyrylan hem-de awtomatlaşdyrylan tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bu desgada ýylda bir ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalary we 120 müňden köpräk sanfaýans önümleri öndüriler. Bu ýerde dürli ölçegdäki keramik plitalaryň 7 görnüşi we sanfaýans önümleriniň 6 görnüşi öndüriler. Döwrebap kärhanada önümçilik üçin peýdalanyljak çig mallaryň uly böleginiň, ýagny 93 göteriminiň ýurdumyzda alynýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Täze kärhanada 460-a golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli önümçilik, durmuş şertleri döredilendir.

Dabaranyň dowamynda Italiýanyň «SACMI Imola Societa Cooperativa» kompaniýasynyň hem-de «Associazione Costruttori Italiani Macchine Attrezzature per Ceramica» kompaniýasynyň wekilleri tarapyndan «Bäherden» keramiki önümleri kärhanasyna degişli şahadatnamalar hem gowşuryldy.

Şeýlelikde, açylyp, ulanylmaga berlen täze önümçilik toplumy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynyň geriminiň barha giňeýändiginiň, işiniň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...