Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda boldular. Saparyň maksady ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Wekiliýetiň saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Türkmenistanyň Mejlisinde, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda, Türkmenistanyň Adalat ministrliginde, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginde, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynda duşuşyklar geçirildi.
Şeýle-de, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda hem ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň saýlawlar boýunça bölüminiň ýolbaşçysynyň orunbasary Ulwi Fikret oglu Ahundlynyň, ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň saýlawlar boýunça bölüminiň uly geňeşçisi Kseniýa Daşutsinanyň we ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň saýlawlar boýunça bölüminiň geňeşçisi we Türkmenistan boýunça jogapkär wekili Martina Barker-Siganikowanyň gatnaşmagynda duşuşyk boldy. Duşuşyga Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Gulmyrat Myradow, şeýle-de Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda Merkezi saýlaw toparynyň başlygy: «Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen düýbi tutulan, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem halkara guramalary bilen özara hyzmatdaşlygy ilerletmek bolup durýar» diýip belledi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň ÝHHG bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny, hyzmatdaşlygyň degişli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigini aýratyn bellediler.
Myhmanlara ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, şonuň bilen birlikde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, şeýle hem degişli saýlaw toparlarynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça amala aşyrylýan işler barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de, Türkmenistanyň saýlawlarda we sala salşyklarda ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň hukuk hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän, ýakynda kabul edilen, «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny barada giňişleýin düşünje berildi.
Duşuşygyň dowamynda ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň saýlawlar boýunça bölüminiň ýolbaşçysynyň orunbasary myhmansöýerlik bilen garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, saýlawlary demokratik esaslarda geçirmekde alnyp barylýan işleriň ähmiýetine ünsi çekip, Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokary baha mynasypdygyny nygtady. Şeýle hem ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň saýlawlar bilen baglanyşykly işlerde Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary bilen ençeme ýyl bäri hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy.
Şeýle-de, bu býuronyň wekiliýetiniň 2023-nji ýylyň mart aýynda geçirilen parlament saýlawlaryna hem bilermen hökmünde gatnaşandyklaryny belledi. Şunuň bilen baglylykda, geljekde hem Merkezi saýlaw topary bilen ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri hem-de bu babatda zerur bolan bilelikdäki çäreler ara alnyp maslahatlaşylsa maksada laýyk boljakdygyny belledi.
Bulardan başga-da, saýlaw işine dahylly adamlar üçin halkara guramalary tarapyndan guralýan seminar okuw maslahatlarynyň ähmiýeti barada durlup geçildi. Hususan-da, ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň guraýan seminar okuw maslahatlarynyň geçirilişine üns çekildi.
Duşuşygyň ahyrynda Merkezi saýlaw toparynyň başlygy G.Myradow Ulwi Fikret oglu Ahundla ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosy bilen Merkezi saýlaw toparynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başlanýandygy bilen duşuşyga gatnaşyjylary gutlap, ýene bir gezek öz hoşallygyny bildirip, işlerinde üstünlik arzuw edip, duşuşygy jemledi.
Duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzda geljekde hem saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmeginde peýdaly boljak şular ýaly duşuşyk-maslahaty geçirmäge döredip beren mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize – Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny aýtdylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...