TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar (mundan beýläk – Merkezi saýlaw topary) 1991-nji ýylda döredildi. Merkezi saýlaw toparynyň işi we ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi esasynda kesgitlenilýär.

Merkezi saýlaw topary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny, sala salşyklary geçirmegi guraýar. Merkezi saýlaw toparynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr. Merkezi saýlaw topary ýuridik şahsdyr.

Merkezi saýlaw topary saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görülmegine we geçirilmegine, saýlaw toparlarynyň ulgamyna ýolbaşçylyk edýär, Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygynyň birmeňzeş ulanylmagyny hem-de saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegini, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň berjaý edilmegini üpjün edýär.

Merkezi saýlaw toparynyň işi mejlisler görnüşinde amala aşyrylýar. Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi onuň ygtyýarlygyna degişli meseleleri erkin, açyk ara alyp maslahatlaşmak esasynda geçirilýär.

Merkezi saýlaw toparynyň kararlary açyk ses bermek arkaly sesleriň köplügi esasynda kabul edilýär. Merkezi saýlaw toparynyň kararlarynyň Türkmenistanyň çäginde ýerine ýetirilmegi hökmanydyr.

Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Türkmenistanyň raýatlarynyň hataryndan başlykdan, başlygyň orunbasaryndan, kätipden we on iki agzadan ybarat düzümde döredilýär. Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan tassyklanylýar. Merkezi saýlaw toparynyň düzümine wekiller Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan hödürlenilýär.

Merkezi saýlaw toparynyň agzasy saýlawly edara dalaşgär görkezilende ýa-da dalaşgäriň ynanylan adamy edilip bellenilende, ol dalaşgär ýa-da ynanylan adam edilip bellige alnan pursadyndan başlap, onuň topardaky ygtyýarlyklary togtadylýar.

Merkezi saýlaw toparynyň işiniň guramaçylyk, hukuk, tehniki, maglumat üpjünçiligi onuň hemişelik hereket edýän edarasy tarapyndan amala aşyrylýar. Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň işi ol hakyndaky Düzgünnama laýyklykda guralýar. Merkezi saýlaw toparynyň edarasy hakynda Düzgünnama Merkezi saýlaw topary tarapyndan tassyklanylýar.

Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň işiniň maliýe üpjünçiligi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.