TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

16 Mart

Türkmenistanda möhletinden öň ses bermäge başlanyldy

15-nji martda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, ähli saýlaw okruglarynda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlaryny, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermäge girişildi.

Bu işler, ilkinji nobatda, uzak möhletli iş saparyna ýa-da dynç alşa gidýän raýatlar, şeýle hem saýlaw güni — 25-nji martda haýsydyr bir sebäplere görä, öz saýlaw uçastogyna gelip, ses berip bilmejekler üçin göz öňünde tutulandyr.

Umuman, saýlaw möwsüminiň barşy barada aýdylanda, şu günler uçastok saýlaw toparlarynyň ählisinde işleriň işjeň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Olar öz borçlaryny ýerine ýetirmäge aýratyn jogapkärçilik bilen çemeleşdiler. Olaryň düzümine zähmetkeş toparlaryň abraýly wekilleri girdiler. Işjeňleriň tagallalary bilen ýerlerde ilat arasynda giňden düşündiriş işleri geçirildi, bu bolsa köp babatda saýlawçylaryň ençeme esse artan işjeňligini şertlendirdi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda, TDH-a habar berişleri ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň hemme tapgyrlary öz wagtynda, hereket edýän milli kanunçylygyň talaplaryna hem-de umumy kabul edilen halkara kadalaryna laýyklykda guraldy. Ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynyň 2 müň 604-siniň ählisi işe doly taýýar. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda daşary ýurtlarda döredilen uçastoklaryň 39-sy hem öz saýlawçylaryna garaşýar.

Türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça ýörite gelen Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasynyň bilermenleriniň garaşsyz topary geçirilen işlere hem-de öňde boljak saýlawlara baha bermäge girişdi. Merkezi saýlaw toparynda geçirilen duşuşygyň çäklerinde olar Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellenilen senenamalaýyn meýilnamalaryň çäreleri, saýlaw okruglarynyň we uçastoklarynyň sanawy, resminamalaryň nusgalary we umuman, ýerlerde alnyp barlan işler bilen tanyşdyryldy. Olara degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan bolan synçylaryň topary saýlaw möwsümine gözegçilik etmegini dowam edýär. Halkara synçylar eýýäm dürli okruglarda saýlaw uçastoklarynda bolup, olaryň enjamlaşdyrylyşy, uçastok toparlarynyň düzümi bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, olaryň birnäçe welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärler hem-de olaryň ynanylan adamlary bilen duşuşyklary guraldy.

Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we dalaşgärleriň özleri tarapyndan bellenilen milli synçylar hem öz işini dowam edýärler. Olaryň ählisine ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlawlaryň öň ýanynda bolşy ýaly, saýlaw gününde hem saýlaw okruglaryna baryp görmäge mümkinçilik döredildi. Bu bolsa, öz nobatynda, saýlawlaryň açyklyk, aýdyňlyk ýagdaýynda, giň demokratik esasda geçirilmegine oňyn täsir eder.

Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna saýlawlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň uly üns merkezinde durýar. Gazetlerde, hususan-da, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň metbugat sahypalarynda dalaşgärleriň terjimehal maglumatlary çap edildi. Saýlawçylar olaryň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen dowam edýän duşuşyklaryň çäklerinde tanşyp bilerler.

Şeýlelikde, Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlaryny, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermegiň şu gün badalga alan tapgyry ýerlerde bu jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň geçirilmegine taýýarlygy tassyklaýar. Bu möwsüm, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň häzirki zaman taryhyna ýurdumyzyň ösüşiň demokratik ýoluna, türkmen halkymyzyň rowaçlyk we gülläp ösüş ugrundaky maksatlaryna yzygider ygrarlydygynyň täze subutnamasy bolup girmegine gönükdirilendir.

11 Sent
Sanlaşdyrmak boýunça halkara maslahaty

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri 2019-njy ýylyň 6-8-nji sentýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «Saýlaw işleriniň sanlaşdyrylmagy. Gumanitar ölçegler»...

16 Awg
Iň uly ekologiýa sapagy

Şu ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň hökümetiniň guramagynda täsin ekologiýa sapagy geçirildi. Üç müň töweregi adamyň gatnaşmagynda geçirilen bu örän uly tutumly ekologiýa sa...

06 Awg
Birinji Hazar ykdysady forumy

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Bu  foruma daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz...

03 Iýul
Güwänama gowşuryldy

2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda  Ahal welaýatynda açylyp ulanylmaga berlen  tebigy gazdan benzin öndürýän iň täze döwrebap senagat toplumy ykdysady we innowasion aýratynlygy bilen Ginnessiň dünýä rekor...

10 Iýun
Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri 2019-njy ýylyň 9-njy iýunynda geçirilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlaryna G...

30 Maý
Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri önümçilik tejribesini geçdiler

Saýlaw ulgamynyň işi bilen içgin we giňişleýin tanyşmagy maksat edinip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirme...

17 Maý
Dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasy

2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisi  geçirildi   Bu mejlisde biziň ýurdumyz  BMG-niň 2020 — 2022-nji ýyllar...

04 Apr
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň saýlawlar boýunça jemleýji mejlisi geçirildi

2019-njy ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi boldy. Onda möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, w...