TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

09 Iýul

Halkara maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň halkara derejesinde abraýy has-da belende göterilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakda gazanylýan üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanylýandygy hem doly güwä geçýär.

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi we oňa laýyklykda, Baş Assambleýa tarapyndan halkara maslahaty şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guramak baradaky çözgüt goldanyldy. Munuň özi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we olaryň halkara giňişlikde uly ähmiýete eýediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Häzirki wagtda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara maslahatlary, duşuşyklary, döwlet çärelerini guramaçylykly geçirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şeýle hem awgust aýynda Hazaryň türkmen kenarynda BMG-niň howandarlygynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji ýokary derejeli maslahaty geçirmäge hem taýýarlyk görülýär.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat hem üstünlikli geçirilipdi. Onuň dowamynda durnukly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýakynda, 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 4–8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi hem-de Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam etjek bu forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan bu maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Munuň özi bilelikdäki tagallalary talap edýän ugurlar boýunça ýurdumyzyň başlangyçlaryna uly hormat bilen garalýandygyny görkezýär. BMG-niň guramagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler bilen baglanyşykly geçirilýän bu forum 10 ýyldan bir gezek geçirilýär. Halkara forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan, az ösen we kiçi ada ýurtlarynyň, sebit hem-de halkara guramalaryň, iri kompaniýalaryň dürli derejeli wekillerini bir ýere jemlär. Bu forumyň esasy maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysadyýetini güýçlendirmek, ulag-logistika infrastruktu-rasyny ösdürmek, halkara we sebit söwda gatnaşyklaryny giňeltmek hem-de bu ýurtlaryň dünýä ykdysady ulgamyna netijeli gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, dünýäde 32 sany ýurt deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hasaplanýar. Jemi 500 million adamdan gowrak ilaty bilen bilelikde, olaryň geografiki taýdan ýerleşmegi bilen bagly, deňiz söwda ýollaryndan we esasy dünýä bazarlaryndan uzaklygy, ýokarlandyrylan ulag çykdajylary, serhetlerdäki logistika meseleleri hem-de goňşy döwletleriň syýasy durnuklylygyna we söwda syýasatlaryna garaşlylygy ýaly birnäçe kynçylyklary döredýär. Bu ýagdaý olary ählumumy söwda ulgamynda has kynçylykly ýagdaýda goýýar we bu geografiki çäklendirmeleri ýeňip geçmek üçin ýörite strategiýalary gözlemegi talap edýär.

Şeýlelikde, şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda BMG-niň howandarlygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahaty dostlukly ýagdaýda pikir alyşmak, onuň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan wajyp ugurlaryny kesgitlemek üçin açyk dialog platformasy — deňhukukly gepleşikleriň meýdançasy bolmak bilen, ählumumy ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

09 Iýul
Halkara maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçir...

18 Iýun
«Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammiti

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäh...

12 Iýun
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanda...

11 Iýun
Welaýat saýlaw toparynyň düzümine üýtgetme girizildi

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji, 19-njy, 26-njy maddalaryna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň saýlaw toparynyň düzüminden bir agzanyň çykyp gidenligi sebäpli hem-de Türkmenistanyň Demokratik par...

03 Iýun
Türkmenistan – Mongoliýa: dostlukly gatnaşyklaryň täze sahypasy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy....

02 Iýun
Hyzmatdaşlygyň täze tapgyry: «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammiti

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 30-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala...

20 Maý
Türkmenistan — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarysta...

12 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...