TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

24 Mart

Merkezi saýlaw toparynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2018-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda 25-nji martda geçiriljek saýlawlara syn etmek boýunça GDA-nyň toparynyň ýolbaşçysy hökmünde Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşyk geçirildi.

Myhman hem-de onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary jemleýji tapgyryna gadam basan möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň çäklerinde Merkezi saýlaw toparynyň geçiren taýýarlyk işleri bilen tanyşdyryldy.

GDA-dan gelen Synçylar toparynyň işi bilen bagly meseleler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Toparyň düzümine Arkalaşygyň ýurtlarynyň 90 wekili — parlamentariler, görnükli jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Belarusuň we Russiýanyň Parlament ýygnagynyň wekilleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärleri girýär.

Duşuşygyň barşynda geçen ýyllaryň içinde Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygynda açyklyk, aýdyňlyk, demokratiýa babatda düýpli özgerişlikleriň bolandygy hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna doly kybap gelýändigi bellenildi. Dalaşgärleri hödürlemek hukugyndan ilkinji gezek syýasy partiýalaryň üçüsi - Demokratik partiýa, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýa we raýatlar toparlary peýdalandylar. Dalaşgärleriň ählisine saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmek, saýlaw möwsüminiň barşyny giňden beýan eden teleradioýaýlymlarda, metbugat serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi.

Milli we halkara synçylaryň işlemegi üçin zerur şertler döredildi, munuň özi saýlaw möwsüminiň açyklygyna we aýdyňlygyna şaýatlyk edýär. Hususan-da, Merkezi saýlaw toparynyň ýardam etmeginde missiýanyň zerur guramaçylyk tehnikalary, aragatnaşyk enjamlary, maglumat we usulyýet edebiýatlary bilen üpjün edilen Ştaby açyldy.

GDA-dan gelen synçylar saýlaw möwsümine syn etmegiň barşynda Merkezi saýlaw toparynyň, Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň ýolbaşçylary, dalaşgärleriň ençemesiniň ynanylan wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde uçastok saýlaw toparlarynyň işleri bilen tanyşdylar. Olar saýlawlar güni ses bermegiň we sesleri sanamagyň barşyna syn etmek üçin saýlaw uçastoklaryna baryp görmegi göz öňünde tutýarlar.

Umuman, saýlaw möwsümi asuda ýagdaýda, açyk bäsleşik ruhunda we ýokary guramaçylyk derejesinde geçýär diýip, S. Lebedew GDA-nyň Synçylar toparynyň gutarnykly netijelerini we bahalaryny saýlawlara syn etmegiň netijeleri boýunça jemleýji resminamada beýan etjekdigini aýtdy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy pursatdan peýdalanyp, Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçylaryna 25-nji martda geçiriljek saýlawlara GDA-nyň synçylar toparynyň çagyrylandygy üçin hoşallyk bildirdi hem-de ýurtda ýaýbaňlandyrylan giň demokratik özgertmeler ýolunda ähmiýetli ädim bolan bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni geçirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

* * *

Şeýle hem, 23-nji martda Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda 25-nji martda geçiriljek saýlawlara syn etmek boýunça Hytaý Halk Respublikasyndan Türkmenistana gelen halkara synçylar bilen duşuşyk geçirildi.

Hytaý Halk Respublikasyndan gelen wekiliýetiň agzalary jemleýji tapgyryna gadam basan mart saýlawlaryna taýýarlyk görmek bilen Merkezi saýlaw toparynyň geçiren taýýarlyk işleri bilen içgin tanyşdyryldy.

* * *

24-nji martda Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda 25-nji martda geçirilýän saýlawlara sy etmäge gatnaşýan Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyndan, Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşinden, Belarus we Russiýa bileleşiginiň Parlament Ýygnagyndan, Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasyndan, Özbegistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparyndan, Gazagystan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparyndan, Türkiýe Respublikasynyň Ýokary saýlaw geňeşinden, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan Türkmenistana gelen halkara synçylar bilen duşuşyk geçirildi.

Gelen wekiliýetleriň agzalary mart saýlawlaryna taýýarlyk görmek bilen Merkezi saýlaw toparynyň alyp baran taýýarlyk işleri bilen ýakyndan tanyşdyryldy.

12 Few
Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri 2020-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň deputatlarynyň nobatdan d...

21 Ýan
2020-nji ýyl — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýyly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly diýip yglan etdi. Munuň diňe biziň ýurdumyzyň halky üçin däl-de, eýsem  tutuş  dünýäniň halklary üçin hem özboluşly, simw...

26 Dek
Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri Merkezi saýlaw toparynda

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly, öňdengörüji başlangyçlary, nesihatlary we tabşyryklary esasynda, saýlawlary geçirmegiň halkara tejribelerini, saýlaw ulgamynyň ugurlaryny, saýlaw toparlarynyň...

26 Dek
Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri 2019-njy ýylyň 22-nji dekabrynda geçirilen Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary...

22 Noý
Täze döredilen uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary: jemler, sanlar

Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň saýlaw ulgamynyň işine ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, ýurdumyzda saýlawlary guramaçylykly, kanuna we halkara kadalar...

13 Noý
Türkmeniň hasyl toýy

1 million 50 müň tonnadan gowrak “ak altyn” ýygnan türkmen pagtaçylary bereketli noýabrda pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şeýlelikde, olar halkymy...

29 Okt
Uçastok saýlaw toparlary döredilýär

Häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde etrap, şäher saýlaw toparlary tarapyndan uçastok saýlaw toparlarynyň agzalaryny täze möhlete saýlamak işleri guramaçylykly dowam etdirilý...

18 Okt
Dünýä ýaň salan geňeşiň mejlisi

2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Aşgabatda “Oguzkent” myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşi...