2018-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda 25-nji martda geçiriljek saýlawlara syn etmek boýunça GDA-nyň toparynyň ýolbaşçysy hökmünde Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşyk geçirildi.
Myhman hem-de onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary jemleýji tapgyryna gadam basan möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň çäklerinde Merkezi saýlaw toparynyň geçiren taýýarlyk işleri bilen tanyşdyryldy.
GDA-dan gelen Synçylar toparynyň işi bilen bagly meseleler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Toparyň düzümine Arkalaşygyň ýurtlarynyň 90 wekili — parlamentariler, görnükli jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Belarusuň we Russiýanyň Parlament ýygnagynyň wekilleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärleri girýär.
Duşuşygyň barşynda geçen ýyllaryň içinde Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygynda açyklyk, aýdyňlyk, demokratiýa babatda düýpli özgerişlikleriň bolandygy hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna doly kybap gelýändigi bellenildi. Dalaşgärleri hödürlemek hukugyndan ilkinji gezek syýasy partiýalaryň üçüsi - Demokratik partiýa, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýa we raýatlar toparlary peýdalandylar. Dalaşgärleriň ählisine saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmek, saýlaw möwsüminiň barşyny giňden beýan eden teleradioýaýlymlarda, metbugat serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi.
Milli we halkara synçylaryň işlemegi üçin zerur şertler döredildi, munuň özi saýlaw möwsüminiň açyklygyna we aýdyňlygyna şaýatlyk edýär. Hususan-da, Merkezi saýlaw toparynyň ýardam etmeginde missiýanyň zerur guramaçylyk tehnikalary, aragatnaşyk enjamlary, maglumat we usulyýet edebiýatlary bilen üpjün edilen Ştaby açyldy.
GDA-dan gelen synçylar saýlaw möwsümine syn etmegiň barşynda Merkezi saýlaw toparynyň, Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň ýolbaşçylary, dalaşgärleriň ençemesiniň ynanylan wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde uçastok saýlaw toparlarynyň işleri bilen tanyşdylar. Olar saýlawlar güni ses bermegiň we sesleri sanamagyň barşyna syn etmek üçin saýlaw uçastoklaryna baryp görmegi göz öňünde tutýarlar.
Umuman, saýlaw möwsümi asuda ýagdaýda, açyk bäsleşik ruhunda we ýokary guramaçylyk derejesinde geçýär diýip, S. Lebedew GDA-nyň Synçylar toparynyň gutarnykly netijelerini we bahalaryny saýlawlara syn etmegiň netijeleri boýunça jemleýji resminamada beýan etjekdigini aýtdy.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy pursatdan peýdalanyp, Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçylaryna 25-nji martda geçiriljek saýlawlara GDA-nyň synçylar toparynyň çagyrylandygy üçin hoşallyk bildirdi hem-de ýurtda ýaýbaňlandyrylan giň demokratik özgertmeler ýolunda ähmiýetli ädim bolan bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni geçirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
* * *
Şeýle hem, 23-nji martda Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda 25-nji martda geçiriljek saýlawlara syn etmek boýunça Hytaý Halk Respublikasyndan Türkmenistana gelen halkara synçylar bilen duşuşyk geçirildi.
Hytaý Halk Respublikasyndan gelen wekiliýetiň agzalary jemleýji tapgyryna gadam basan mart saýlawlaryna taýýarlyk görmek bilen Merkezi saýlaw toparynyň geçiren taýýarlyk işleri bilen içgin tanyşdyryldy.
* * *
24-nji martda Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda 25-nji martda geçirilýän saýlawlara sy etmäge gatnaşýan Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyndan, Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşinden, Belarus we Russiýa bileleşiginiň Parlament Ýygnagyndan, Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasyndan, Özbegistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparyndan, Gazagystan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparyndan, Türkiýe Respublikasynyň Ýokary saýlaw geňeşinden, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan Türkmenistana gelen halkara synçylar bilen duşuşyk geçirildi.
Gelen wekiliýetleriň agzalary mart saýlawlaryna taýýarlyk görmek bilen Merkezi saýlaw toparynyň alyp baran taýýarlyk işleri bilen ýakyndan tanyşdyryldy.
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 12-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyny innowasion taýdan diwer...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky w...
2025-nji ýylyň 18–21-nji fewraly aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek...
2025-nji ýylyň 1-nji fewralynda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geç...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Aleksandr Lukaşen...
2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän binasynda, BMG-niň Durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky çarçuwaly m...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 19-20-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň çakylyg...