TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

02 Iýul

Habarlar

 

Ženewadan gowşan hoş habar

2018-nji ýylyň 25-nji iýunynda Ženewada Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň 38-nji mejlisinde «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasyň goralmagyny höweslendirmek hakynda» bilelikdäki Beýannama biragyzdan kabul edildi. Türkmenistan bilen bir hatarda, dünýäniň 23 döwleti ony bilelikde dörediji bolup çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2018-nji ýylyň 28-nji iýunynda geçirilen bilelikdäki mejlisinde: «Türkmenistanyň özara ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýynda hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de medeniýetleriň köpdürlüligine hormat goýmagyň halkara derejesinde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamaga hem-de ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýän esasy gurallaryň biri hökmünde kabul edýändigini» nygtamak bilen, bu wakanyň taryhy ähmiýetiniň örän uludygyny aýratyn belledi.

Şeýle hem Döwlet Baştutanymyz Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeni mirasy gorap saklamagyň adam hukuklaryny goramakda we höweslendirmekde möhüm orny eýelemek bilen çäklenmän, eýsem, her bir ynsanyň medeni durmuşa hem-de medeni mirasa gatnaşmaga hukugyny we mümkinçiliklerini kesgitlemäge hem ýardam edýändigini nygtady.

 

* * *

 

Türkmenistan ýene-de EKOSOS-yň agzalygyna saýlanyldy

Häzirki wagtda hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz BMG-niň düzümleriniň 9-synyň agzasy bolmak bilen, bu abraýly halkara guramasynyň esasy gulluklary we ýöriteleşdirilen edaralary bilen ysnyşykly, jebis strategik hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Biziň döwletimiz şol jebis  gatnaşyklara esaslanyp, BMG bilen umumadamzat bähbitli tutumly işleri yzygiderli amala aşyrýar. Munuň şeýledigini  Türkmenistanyň 2018-nji ýylyň iýunynda 2019-2021-nji ýyllar üçin EKOSOS-yň agzalygyna saýlanylmagy hem doly subut edýär.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ozal hem 2013-2015-nji ýyllar üçin bu abraýly düzümiň agzalygyna saýlanyp, BMG-niň durnukly ösüş boýunça 2015-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen bütindünýä sammitiniň taýýarlyk çärelerine hem işjeň gatnaşandygyny aýratyn nygtamak zerurdyr.

BMG-niň ulgamynda 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş boýunça gün tertibiniň ýerine ýetirilişini seljermek boýunça möhüm orun beriljek EKOSOS-yň howandarlygynda geçiriljek şu gezekki syýasy forumyň çäklerinde ilaty suw serişdeleri bilen üpjün etmek hem-de suwdan rejeli peýdalanmak, energiýanyň ygtybarly, durnukly we häzirki zaman çeşmelerine elýeterliligini üpjün etmek, ekologiýa, şol sanda çölleşmä garşy göreşmek, bioköpdürlüligi aýawly saklamak ýaly meselelere hem garamak göz öňünde tutulýar.

 

* * *

 

Batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň ýokary nusgasy

Durmuş hem-de zähmet ýoly ýaş türkmenistanlylar üçin häzirki döwürde watansöýüjiligiň, maksada okgunlylygyň, jogapkärçiligiň, borja we pederlerimiziň wesýetlerine wepalylygyň nusgalyk mekdebine öwrülen Berdimuhamet Annaýew diňe bir paýhasly, sowatly, göreldeli mugallym bolmak bilen çäklenmän, eýsem gaýduwsyz, edermen mert esger hökmünde 1941-1945-nji ýyllaryň ýowuz jeňinde batyrlygyň nusgasyny görkezip, söweşipdi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýörite Permanyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew Watany goramakda we harby borjy ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen mertligi, batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin ýokary döwlet sylagy, ýagny  «Edermenligi üçin» diýen medal bilen sylaglanyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 28-nji iýunynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Berdimuhamet Annaýewe berlen bu ýokary döwlet sylagy üçin Russiýanyň döwlet Baştutanyna minnetdarlygyny beýan etdi hem-de: «Bu sylag biziň watandaşlarymyza, ikinji jahan urşunyň söweşlerinde söweşen gaýduwsyz esgerlerimize we dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň berkarar bolmagy ugrunda baş goýan pederlerimize goýulýan hormatyň nyşanydyr. Olaryň her biriniň ýeňil bolmadyk durmuş ýoly häzirki döwürde edermenligiň, watansöýüjiligiň, mähriban topraga we halkyňa söýginiň hem-de wepaly gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir» diýip, aýratyn nygtady.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şol mejlisinde milli Liderimiz iki ýurduň halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdigini belläp, bu sylagyň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy saklamak ugrunda edilýän bilelikdäki tagallalaryň hem-de türkmen-rus gatnaşyklarynyň ynanyşmak häsiýetiniň ykrarnamasy hökmünde kabul edilýändigini belledi.

 

* * * 

 

Türkmenistanyň gallaçylarynyň zähmet ýeňşi

2018-nji ýylyň 28-nji iýunyna çenli Türkmenistan boýunça 1 million 30 müň tonnadan gowrak ak bugdaý hasyly ýygnalyp, kabul ediş bölümlerine tabşyryldy. Häzirki döwürde galla oragy dowam edýär, kabul ediş bölümlerine her günde ak bugdaýyň müňlerçe tonnasy tabşyrylýar. Gallaçylar ýetişdirilen bereketli hasyly soňky dänesine çenli ýygnap almak, döwlete bugdaý tabşyrmak boýunça öz üstlerine alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek hyjuwy bilen öndürijilikli zähmet çekýärler.

Oba hojalygynyň okgunly ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň abadançylygynyň derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň möhüm ugrydyr. Oba hojalygynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberini artdyrmaga hem-de dürli oba hojalyk önümleriniň görnüşlerini giňeltmegiň hasabyna ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar.

Döwletimiz oba hojalyk pudagyna uly goldaw berýär. Pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, şol sanda häzirki zaman gaýtadan işleýän kärhanalary, elewatorlary we degirmen toplumlaryny, saýlama bugdaý tohumyny taýýarlaýan kärhanalary, mineral dökünleri öndürýän zawodlary gurmaga uly maýa serişdelerini gönükdirýär. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, obasenagat toplumynyň tutuş önümçilik düzümini tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga hem iri maýa serişdeleri goýberilýär.

 

* * *

 

Akhan — Ginnesiň rekordlar kitabynda!

...Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi wekili hem-de emini Şeýda Subaşi-Gemijiniň gatnaşmagynda 29-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet sirkinde bedewleriň görkezme çykyşy guraldy. Bedewleriň bu görkezme çykyşynda Akhan atly bedew bu dabaranyň «ýyldyzyna» öwrüldi. Ol iň gowy netijäni görkezip, dünýä rekordyny goýdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedew 10 metr aralygy çarpaýa galyp, 4,19 sekuntda geçmegi başardy hem-de ol 2016-njy ýylda görkezilen öňki netijäni iki esse gowulandyrdy! Bu bedewiň görkezijisi bäsleşigiň şu görnüşinde dünýäde iň gowy görkeziji hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili tarapyndan bellige alyndy we degişli sertifikat bilen tassyklanyldy. Bu görnüşdäki rekord ýaryşlary dört ýaşdan kiçi bolmadyk bedewleriň arasynda guralýar.

Bu gezekki rekord görkeziji hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli atçylygyň ajaýyp däplerini gaýtadan dikeltmek, bu pudagy dünýä derejesine çykarmak boýunça alyp barýan ägirt uly işleriniň netijesidir.

Milli Liderimiz işden boş wagtlary ahalteke bedewleriniň arasyna baryp, olar bilen didarlaşýar, bedewlerini seýisleýär. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň ady rowaýata öwrülen seýisleriniň usullaryny, ata ideg etmegiň aýratynlyklaryny kemsiz ele alyp, şol gadymy ýörelgeleri özüniň toplan tejribesi bilen utgaşdyrýar we at seýislemegiň täsin usulyny peýdalanýar.

Biz hem milli Liderimizi Akhan atly bedewimiziň adynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna  girizilmegi bilen gyzgyn gutlaýarys!

13 Iýun
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar boýunça dalaşgärleriň terjimehallary

AŞGABAT ŞÄHERI   1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugy boýunça   Bazarow Rejep Bazarow Rejep 1958-nji ýylyň 10-njy aprelinde Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Amyderýa geňeşligin...

13 Iýun
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar boýunça bellige alnan dalaşgärler barada maglumat

AŞGABAT ŞÄHERI   1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugy boýunça Bazarow Rejep – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Gurbanguly Berd...

12 Iýun
Dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlandy

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp gi...

12 Iýun
Saýlawlara taýýarlyk: okuw maslahaty geçirildi

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleriniň çäklerinde, saýlaw çäreleriniň tassyklany...

11 Iýun
Dalaşgärleri bellige almak tamamlandy

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar boýunça dalaşgärleri bellige almak 11-nji iýunda tamamlandy....

06 Iýun
Dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar boýunça saýlaw möwsüminiň esasy tapgyrlarynyň biri bolan dala...

31 Maý
Okrug saýlaw toparlarynyň düzümine üýtgetme girizildi

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji, 19-njy, 26-njy maddalaryna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» okrug saýlaw toparlarynyň düzümine wekil h...

31 Maý
Dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär

Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw ok...