TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

13 Iýun

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar boýunça dalaşgärleriň terjimehallary

AŞGABAT ŞÄHERI

 

1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugy boýunça

 

Bazarow Rejep

Bazarow Rejep 1958-nji ýylyň 10-njy aprelinde Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Amyderýa geňeşliginde doguldy.

1965-1975-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň ozalky Gubadag etrabyndaky 42-nji orta mekdepde okady.

1975-1980-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinariýa fakultetinde okap, ony weterinar lukmany hünäri boýunça tamamlady.

1980-2000-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň ozalky Gubadag etrabynyň «Amyderýa» daýhan birleşiginiň uly, baş weterinar lukmany, şol etrabyň weterinar barlaghanasynyň weterinar-serolog lukmany, weterinar gullugynyň uly weterinar lukmany, başlygy wezipelerinde işledi.

2000-2005-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň ozalky Gubadag etrap häkimliginiň Oba hojalyk bölüminiň müdiri, şol etrabyň Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, «Obahyzmat» oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipelerinde işledi.

2005-2008-nji ýyllarda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň ozalky Gubadag etrap birleşmesiniň başlygy,      2008-2009-njy ýyllarda ozalky Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkiminiň oba hojalyk boýunça orunbasary, 2009-2011-nji ýyllarda ozalky Gubadag etrabynyň häkimi wezipelerinde işledi.

2011-2012-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalyk boýunça orunbasary wezipesinde işledi.

2012-nji ýylyň aprel-iýul aýlarynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministriniň orunbasary, ministrligiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugynyň başlygy wezipelerinde işledi.

2012-2014-nji ýyllarda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministri wezipesinde işledi.

2014-nji ýylyň aprel-oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Oba hojalyk pudaklary bölüminiň Ykdysady seljeriş bölümçesiniň müdiri wezipesinde işledi.

2014-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy wezipesinde işledi.

2016-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary wezipesinde işledi.

2017-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasynyň Iş dolandyryjysy wezipesinde işledi.

2018-2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy wezipesinde işledi.

2017-nji ýylyň maý aýyndan bäri Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary, 2021-nji ýylyň mart aýyndan bäri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, Wise Prezidenti, 2024-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji wezipelerinde utgaşykly işläp gelýär.

2014-nji ýylda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly,    2015-nji ýylda Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly, 2016-njy ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» hormatly ady, 2020-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2022-nji ýylda «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglanyldy.

Maşgalaly, alty çagasy bar.

Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

Orazmämmedow Bezirgen Hudaýberdiýewiç

Orazmämmedow Bezirgen Hudaýberdiýewiç 1998-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy.

2005-2016-njy ýyllarda Aşgabat şäheriniň Ata Gowşudow adyndaky 125-nji orta mekdebinde okady.

2016-2021-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony Türkmen dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlady.

2021-2023-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň Ata Gowşudow adyndaky 125-nji orta mekdebiniň mugallymy bolup işledi.

2023-2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň başlygy wezipesinde işledi.

2024-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň başlygy wezipesinde işleýär.

Maşgalaly, iki çagasy bar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

Öwezowa Dürli Allamyradowna

Öwezowa Dürli Allamyradowna 1990-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy.

1997-2006-njy ýyllarda Aşgabat şäheriniň 59-njy orta mekdebinde okady.

2008-2013-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony hukukçy hünäri boýunça tamamlady.

2013-2014-nji ýyllarda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusynyň tälim alyjysy bolup işledi.

2014-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy bolup işledi.

2016-2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Hukuk kömegi müdirliginiň Adwokatura we ygtyýarlylandyrma bölüminiň esasy maslahatçysy wezipesinde işledi.

2021-nji ýylyň mart aýyndan bäri Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy wezipesinde işleýär.

Maşgalaly, üç çagasy bar.

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

2-nji «Bitaraplyk» saýlaw okrugy boýunça

 

Durdymuhammedow Döwletgeldi Kakadurdyýewiç

Durdymuhammedow Döwletgeldi Kakadurdyýewiç 1991-nji ýylyň  30-njy iýunynda Aşgabat şäherinde doguldy.

1998-2006-njy ýyllarda Aşgabat şäheriniň 19-njy orta mekdebinde, 2006-2008-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň 105-nji orta mekdebinde okady.

2008-2013-nji ýyllarda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda okap, ony inžener-elektrik hünäri boýunça tamamlady.

2013-2014-nji ýyllarda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Energetika gullugynyň inženeri bolup işledi.

2014-2017-nji ýyllarda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Elektrik üpjünçiligi we awtomatika» kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi bolup işledi.

2017-2022-nji ýyllarda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň «Elektrik üpjünçiligi we elektromehanika» kafedrasynyň mugallymy bolup işledi.

2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işleýär.

2022-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň redaksiýasynyň baş redaktory (jemgyýetçilik başlangyjy esasynda)  wezipesinde işleýär.

2022-nji ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň gysga möhletli «Häzirki zaman etiki kadalary, dolandyryş işi we hukuk gatnaşyklary» atly okuwyny okady.

Maşgalaly, iki çagasy bar.

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

Gurbandurdyýew Ýakubmyrat Gurbanmämmedowiç

Gurbandurdyýew Ýakubmyrat Gurbanmämmedowiç 1987-nji ýylyň 10-njy martynda Aşgabat şäherinde doguldy.

1994-2003-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň 101-nji orta mekdebinde okady.

2005-2007-nji ýyllarda harby gullukda boldy.

2007-2012-nji ýyllarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda okap, ony filolog, nemes dili mugallymy, terjimeçi hünäri boýunça tamamlady.

2012-2014-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň 101-nji orta mekdebiniň mugallymy bolup işledi.

2014-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri wezipesinde işledi.

2016-2019-njy ýyllarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Nemes, fransuz we ispan dilleri kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi wezipesinde işledi.

2019-2020-nji ýyllar aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Roman-german dilleri kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi, Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň dekanyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary wezipelerinde işledi.

2020-2021-nji ýyllarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Roman-german dilleri kafedrasynyň mugallymy, Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň dekanyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary wezipelerinde işledi.

2021-2023-nji ýyllarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Roman-german dilleri kafedrasynyň mugallymy, Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň dekanyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji wezipelerinde işledi.

2023-nji ýylyň awgust aýyndan bäri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Roman-german dilleri kafedrasynyň mugallymy wezipesinde işleýär.

Maşgalaly, üç çagasy bar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

Kulyýew Maksat Hojamyradowiç

Kulyýew Maksat Hojamyradowiç 1988-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Mary welaýatynyň Garagum etrabynda doguldy.

1995-2004-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň 2-nji orta mekdebinde okady.

2004-2006-njy ýyllarda Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň Alyjylar jemgyýetiniň çörek bişiriji önümhanasynda işledi.

2006-2011-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony hukuk öwreniş hünäri boýunça tamamlady we 2009-2011-nji ýyllarda uniwersitetiň harby kafedrasyny geçdi.

2011-2012-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň prokurorynyň kömekçisi wezipesinde tälim alyjy;

2012-2013-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň prokurorynyň kömekçisi wezipelerinde işledi.

2013-2017-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň prokuraturasynyň sülçüsi wezipesinde işledi.

2017-2022-nji ýyllar aralygynda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň prokurory wezipesinde işledi.

2022-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň Ulaglarda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory wezipesinde işleýär.

Maşgalaly, üç çagasy bar.

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

6-njy «Köpetdag» saýlaw okrugy boýunça

 

Beşerow Gurbanberdi Hojamberdiýewiç

Beşerow Gurbanberdi Hojamberdiýewiç 1993-nji ýylyň 23-nji maýynda Aşgabat şäherinde doguldy.

2000-2010-njy ýyllarda Aşgabat şäheriniň 8-nji orta mekdebinde okady.

2010-2015-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony dilçi we edebiýatçy, mugallym hünäri boýunça tamamlady.

2015-2018-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň 117-nji orta mekdebiniň mugallymy bolup işledi.

2018-2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hünärmeniň dil taýýarlygy kafedrasynyň mugallymy bolup işledi.

2019-njy ýylyň iýun aýyndan bäri Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň diller kafedrasynyň mugallymy bolup işleýär.

Maşgalaly, üç çagasy bar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

Mollaberdiýew Ýeňiş Jumageldiýewiç

Mollaberdiýew Ýeňiş Jumageldiýewiç 1996-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy.

2003-2013-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň 17-nji orta mekdebinde okady.

2014-2019-njy ýyllarda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde okap, ony Halkara jemagat hukugy hünäri boýunça tamamlady.

2019-2021-nji ýyllarda harby gullukda boldy.

2022-nji ýylyň maý aýyndan bäri Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Işgärler boýunça we ýerine ýetirilişe gözegçilik bölüminiň esasy maslahatçysy wezipesinde işleýär.

Maşgalaly.

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

Myradow Kadyrmuhammet Annamuhammedowiç

Myradow Kadyrmuhammet Annamuhammedowiç 1984-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Kaka şäherinde doguldy.

1991-2000-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň 70-nji orta mekdebinde okady.

2001-2002-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň ozalky Ruhabat etrap Jemagat hojalygy müdirliginiň Awtoulag bölüminiň elektrik-gaz kebşirleýjisi bolup işledi.

2002-2007-nji ýyllarda I.Arabaýew adyndaky Gyrgyz döwlet uniwersitetinde okap, ony sebit öwreniji hünäri boýunça tamamlady.

2007-2010-njy ýyllarda Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň magistri bolup okady.

2010-2011-nji ýyllarda harby gullukda boldy.

2013-2014-nji ýyllarda «Polimeks Inşaat AŞ» türk firmasynyň Işgärler bölüminiň başlygynyň kömekçisi bolup işledi.

2014-2016-njy ýyllarda «Polimeks Inşaat AŞ» türk firmasynyň terjimeçisi bolup işledi.

2017-2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugynyň «Türkmenýertaslama» döwlet taslama institutynyň Aşgabat ýer gurluşyk-gözleg ekspedisiýasynyň inženeri bolup işledi.

2021-2022-nji ýyllarda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugynyň Ýer serişdeleri müdirliginiň Ýer kadastry we geomaglumat tehnologiýalar ulgamyny dolandyryş bölüminiň esasy hünärmeni wezipesinde işledi.

2023-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugynyň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygy wezipesinde işleýär.

Maşgalaly, üç çagasy bar.

Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

10 Iýul
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçirilen saýlawlarda saýlanylan deputatlar barada maglumat

1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugy boýunça Bazarow Rejep – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek bo...

09 Iýul
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine Aşgabat şäheriniň saýlaw toparynyň ýolbaşçysynyň w...

07 Iýul
Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 91,32% ses berdi. Has takygy, Aşgabat   şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw ok...

07 Iýul
Ses bermek dowam edýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary boýunça sagat 17-ä çenli saýlawçylaryň 85,55% ses berdi. Has takygy, Aşgabat   şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk” saýlaw ok...

07 Iýul
Ses bermek dowam edýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary boýunça sagat 15-e çenli saýlawçylaryň 76,11% ses berdi. Has takygy, Aşgabat   şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk” saýlaw ok...

07 Iýul
Ses bermek dowam edýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary boýunça sagat 13-e çenli saýlawçylaryň 62,91% ses berdi. Has takygy, Aşgabat   şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk” saýlaw ok...

07 Iýul
Ses bermek dowam edýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary boýunça sagat 11-e çenli saýlawçylaryň 41,29% ses berdi. Has takygy, Aşgabat   şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk” saýlaw ok...

07 Iýul
Ses bermek dowam edýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary boýunça sagat 9-a çenli saýlawçylaryň 20,22% ses berdi. Has takygy, Aşgabat   şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk” saýlaw okr...