TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

13 Iýun

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar boýunça bellige alnan dalaşgärler barada maglumat

AŞGABAT ŞÄHERI

 

1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugy boýunça

Bazarow Rejep Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, Wise Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary. 1958-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda doglan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

Orazmämmedow Bezirgen Hudaýberdiýewiç Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň başlygy. 1998-nji ýylda Aşgabat şäherinde doglan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

Öwezowa Dürli Allamyradowna Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy, 1990-njy ýylda Aşgabat şäherinde doglan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

2-nji «Bitaraplyk» saýlaw okrugy boýunça

Durdymuhammedow Döwletgeldi Kakadurdyýewiç Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň redaksiýasynyň baş redaktory (jemgyýetçilik başlangyjy esasynda). 1991-nji ýylda Aşgabat şäherinde doglan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

Gurbandurdyýew Ýakubmyrat Gurbanmämmedowiç Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Roman-german dilleri kafedrasynyň mugallymy, 1987-nji ýylda Aşgabat şäherinde doglan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

Kulyýew Maksat Hojamyradowiç Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň Ulaglarda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory, 1988-nji ýylda Mary welaýatynyň Garagum etrabynda doglan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

6-njy «Köpetdag» saýlaw okrugy boýunça

Beşerow Gurbanberdi Hojamberdiýewiç Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Diller kafedrasynyň mugallymy. 1993-nji ýylda Aşgabat şäherinde doglan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

Mollaberdiýew Ýeňiş Jumageldiýewiç Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Işgärler boýunça we ýerine ýetirilişe gözegçilik bölüminiň esasy maslahatçysy. 1996-njy ýylda Aşgabat şäherinde doglan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

Myradow Kadyrmuhammet Annamuhammedowiç – Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugynyň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygy. 1984-nji ýylda  Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda doglan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

10 Iýul
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçirilen saýlawlarda saýlanylan deputatlar barada maglumat

1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugy boýunça Bazarow Rejep – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek bo...

09 Iýul
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine Aşgabat şäheriniň saýlaw toparynyň ýolbaşçysynyň w...

07 Iýul
Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 91,32% ses berdi. Has takygy, Aşgabat   şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw ok...

07 Iýul
Ses bermek dowam edýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary boýunça sagat 17-ä çenli saýlawçylaryň 85,55% ses berdi. Has takygy, Aşgabat   şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk” saýlaw ok...

07 Iýul
Ses bermek dowam edýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary boýunça sagat 15-e çenli saýlawçylaryň 76,11% ses berdi. Has takygy, Aşgabat   şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk” saýlaw ok...

07 Iýul
Ses bermek dowam edýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary boýunça sagat 13-e çenli saýlawçylaryň 62,91% ses berdi. Has takygy, Aşgabat   şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk” saýlaw ok...

07 Iýul
Ses bermek dowam edýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary boýunça sagat 11-e çenli saýlawçylaryň 41,29% ses berdi. Has takygy, Aşgabat   şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk” saýlaw ok...

07 Iýul
Ses bermek dowam edýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary boýunça sagat 9-a çenli saýlawçylaryň 20,22% ses berdi. Has takygy, Aşgabat   şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk” saýlaw okr...