TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

17 Sent

Hormatly Prezidentimiziň Akhan diýen aty dünýä rekordyny goýdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralliniň 15-nji sentýabrda tamamlanmagy mynasybetli Hazar deňziniň kenarynda geçen owadan dabaralaryň barşynda awtomobil ýaryşynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyndan başga-da, taryha girjek ýene-de bir ajaýyp waka boldy. 

Milli Liderimize hem-de dabara gatnaşyjylaryň ählisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Akhan diýen bedewiniň Ginnesiň rekordlar Kitabyna girizilendigi hakyndaky şahadatnama görkezildi. Şeýdip, atyň üýtgeşik ukyby resmi taýdan bellige alyndy — oňa iki aýagynyň üstünde çarpaýa galyp, 10 metri bary-ýogy 4,19 sekuntda geçmek başartdy. Ol şondan ozalky iň oňat netijäni gowulandyryp, bu täsin görnüşde täze rekord goýdy. 



Bu rekordyň doly kanunalaýyklygyna eminlerden, ýagny öz döwründe ozalky gazanylan üstünligi bellige alan bütin dünýä meşhur neşiriň wekillerinden başga-da, Awazadaky baýramçylyga gatnaşan köp sanly tomaşaçylar hem göz ýetirip bildiler. Akhan duýgurlyk bilen hem-de mynasyp derejede tomaşaçylara baş egip, ýeňillik bilen yzky iki aýagynyň üstüne galdy hem-de şonuň ýaly dik ýagdaýynda belli bir aralygy ajaýyp ýöräp geçdi. 

Haýran galan daşary ýurtly myhmanlar gören bu täsinligini dessine öz el telefonlaryna geçirmäge howlugyp, oturan ýerlerinden böküp galdylar. Dünýäniň dürli dillerinde hemme ýerden «Berekella!» diýen sesler eşidilip, haýran galmak duýgulary aýdyň ýüze çykdy. Ýöne, Akhanyň şeýle täsir galdyrýan ukyplary türkmenistanlylar üçin nähilidir bir geň-taňlyk bolup durmaýar, olar eger-de, bedewleri zehinli seýis terbiýelese, onda bu «ganatly» bedewleriň neneňsi deňsiz-taýsyz belentliklere göterilip biljekdiklerini örän oňat bilýärler. Akhanyň howandary bolsa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüdir. Hormatly Prezidentimiz başarjaň we tejribeli çapyksuwardyr, bu ugurda halypadyr, atçylyk sungatynyň janköýeri we oňa uly sarpa goýujydyr.

Bu rekord şeýle hem milli atçylygyň ajaýyp däplerini täzeden dikeltmek we nesilden-nesle geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň ägirt uly yhlasly işleriniň netijelidiginiň ýene-de bir subutnamasy bolup durýar. Taryhçylar ahalteke bedewleriniň köpeldilmegi adamyň gönüden-göni gatnaşmagynda geçirilen ilkinji tohumlar diýip hasaplaýarlar. Arassa ganly bu atlaryň seçgiçiligi biziň eýýamymyza çenli baryp, üçünji müňýyllykda, Türkmenistanda Ahal sebitleriniň çäklerinde başlanypdyr. Şu ýerler hem türkmen atlarynyň adyny emele getiripdir. Ahalteke bedewleri häzire çenli beýleki toparlardan bolan tohumlaryň ganyny garyşdyrmazdan, özüne degişli topar arkaly köpeldilýär. 

Ahalteke tohum atlarynyň şöhratyny gorap saklamak we artdyrmak işinde döwlet Baştutanymyzyň bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty bardyr. Türkmenistan häzir tohum atçylygynyň halkara merkezine öwrülýär, biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz bolsa daşary ýurtlarda geçirilýän iri gözden geçirişleriň, abraýly atçylyk sport ýaryşlarynyň we çapyşyklaryň ýeňijileri bolýarlar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň bütindünýä sirk festiwallarynda yzly-yzyna gazanýan ajaýyp ýeňişleri munuň subutnamasydyr. Olaryň çykyşlarynda behişdi bedewleriň owadan haýbatly kaddy-kamaty hem-de ajaýyp başarnygy aýdyň ýüze çykdy. Bu bolsa seýisleriň yhlasly tagallalarynyň miwesidir. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Akhan diýen atynyň üstünligi türkmen bedewiniň keşbine ýene bir aýdyň öwüşgin, onuň baky ýitmejek şöhratynyň öwüşgin atýan täjine ýene bir merjen goşdy. Şeýle ebedi şöhrat gadymy asyrlarda peýda bolup, Ýer ýüzüne doldy hem-de bu gün döwlet Baştutanymyzyň tagallalarynyň netijesinde täze keşpde gaýdyp gelýär. 

Bu ýakymly wakanyň — Akhanyň Ginnesiň rekordlar Kitabyna girizilendigi hakynda şahadatnamanyň gowşurylmagynyň milli Liderimiziň başyny başlan täsin taslamalarynyň biri bolan, tamamlanan «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralliniň ýeňijileriniň hormatyna guralan dabara bilen gabat gelmeginiň özboluşly manysy bardyr. 

Bu taslamanyň esasynda Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek maksady durýar. Bu ýoluň ösdürilmegine öz döwründe ahalteke bedewleri uly itergi berdiler. Şolaryň üsti bilen ada rowaýata öwrülen bu ýoluň täze ugurlary çekildi, söwda kerwenleri ýola salyndy, çaparlar ýollandy. 

Şunda at türkmen üçin häzirki döwürdäki ýaly, diňe bir ondan-oňa gitmegiň serişdesi bolman, ol maşgalanyň bir agzasy hökmünde aýratyn alada bilen gurşalyp alyndy, ruhy taýdan ysnyşmaklyk emele geldi. Halk içinde: «At — kalbyň ganaty!» diýlip, ýöne ýerden aýdylmaýar. 

Bu gün Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary boýunça demir ýol düzümleri we ulaglar geçýär, ýöne, bedewiň taryhy wezipesi unudylanok. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ajaýyp ahalteke atlaryna biziň buýsanjymyz artýar, döwlet Baştutanymyz olar üçin kämilligiň we şöhratyň täze gözýetimlerine tarap giň ýol açdy.

13 Iýun
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar boýunça dalaşgärleriň terjimehallary

AŞGABAT ŞÄHERI   1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugy boýunça   Bazarow Rejep Bazarow Rejep 1958-nji ýylyň 10-njy aprelinde Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Amyderýa geňeşligin...

13 Iýun
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar boýunça bellige alnan dalaşgärler barada maglumat

AŞGABAT ŞÄHERI   1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugy boýunça Bazarow Rejep – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Gurbanguly Berd...

12 Iýun
Dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlandy

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp gi...

12 Iýun
Saýlawlara taýýarlyk: okuw maslahaty geçirildi

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleriniň çäklerinde, saýlaw çäreleriniň tassyklany...

11 Iýun
Dalaşgärleri bellige almak tamamlandy

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar boýunça dalaşgärleri bellige almak 11-nji iýunda tamamlandy....

06 Iýun
Dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar boýunça saýlaw möwsüminiň esasy tapgyrlarynyň biri bolan dala...

31 Maý
Okrug saýlaw toparlarynyň düzümine üýtgetme girizildi

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji, 19-njy, 26-njy maddalaryna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» okrug saýlaw toparlarynyň düzümine wekil h...

31 Maý
Dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär

Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw ok...