TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

07 Noý

Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi

Milli Liderimiz hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy hemme taraplaýyn ösdürmek, özgertmek bilen bagly ulgamlaýyn meýilnamalara giň gerim, badalga berýär. Şol ulgamlaýyn işleriň netijesinde diňe bir  ýurdumyzyň paýtagty  Aşgabadyň däl, eýsem welaýatdyr etrap  merkezleriniň, obadyr  şäherçelerimiziň keşbi gün-günden özgerýär, gözelleşýär.

Türkmenistanyň ähli künjeklerinde giňden  ýaýbaňlandyrylýan bu düýpli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde döwrebap durmuş-ykdysady düzümlerini döretmek üçin uly möçberli maýa goýumlary yzygiderli gönükdirilýär. Bu maýa goýumlary bolsa obalarymyzyň, etraplardaky şäherçelerimiziň hem-de welaýatlarymyzyň dolandyryş merkezleriniň döwrüň talaplaryna laýyk derejede täze keşbe eýe bolmagyna getirýär.

Milli Liderimiz şu ýylyň 31-nji oktýabrynda Gökdepe etrabynda iş saparynda bolup, Ahal welaýatynyň guruljak dolandyryş merkezini binagärlik-gurluşyk taýdan ösdürmegiň, şeýle hem dolandyryş desgalarynyň hem-de beýleki edaralaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň binalarynyň toplumynyň taslamalary bilen içgin tanyşmagynda bolsa, welaýat merkezlerimiziň durkunyň hem edil paýtagtymyzyňky ýaly lowurdap durmagynyň üpjün ediljekdiginiň ýene bir  buşlukçysy bolup  ýaňlandy. Bu ägirt uly taslama Türkmenistan atly bagtyýar ýurduň hormatly  Baştutanynyň kalbynyň il-ýurt  bähbitli tutumly işleri yzygiderli amala aşyrmak hyjuwy bilen gaýnap-joşýandygyndan, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyndan, raýatlarymyzyň ruhy-hal ýagdaýynyň has-da beýgelýändiginden nyşandyr.

 Ahal welaýatynyň guruljak dolandyryş merkezini binagärlik-gurluşyk taýdan ösdürmegiň taslamalaryna laýyklykda, bu ýerde ýadygärlik binasyny, Döwlet baýdagy üçin beýik sütüni bolan meýdançany, şeýle-de häkimligiň, beýleki düzümleriň edaralarynyň binalaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, jemgyýetçilik guramalaryna, oba hojalyk, maliýe-ykdysady pudaklaryna, saglygy goraýyş toplumlaryna, ulag, aragatnaşyk, jemagat hojalygy we söwda pudaklaryna degişli edaralary, häzirki zaman sport düzümlerini, Ruhyýet köşgüni, welaýat medeniýet we baş bilim müdirliginiň binalaryny, drama teatryny hem-de kitaphanany, muzeý üçin binalary,  döwrebap stadiony hem-de sport toplumynyň ikisini, häzirki zaman seýilgähini gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem  Ahal welaýatynyň guruljak dolandyryş merkezinde bank toplumy üçin Merkezi bankyň Ahal welaýat dolandyrmasy, ýurdumyzyň iri banklarynyň şahamçalarynyň desgalary bina ediler. Ahal welaýatynyň hukuk goraýjy düzümlerine niýetlenen binalaryň gurluşygy hem amala aşyrylar. Ahalteke bedewleri üçin zerur bolan binalary, şeýle-de  aýlawy, türgenleşik meýdançalary, manežleri, athanalary bolan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebini, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezini gurmak meýilleşdirilýär.

Täze gurluşyklarda orta hünär okuw mekdebiniň, umumy bilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurulmagy bilen bilim ulgamynyň edara binalary emele getiriler.

Durmuş düzümine degişli desgalaryň hatarynda köpugurly hassahananyň, saglyk öýüniň, aragatnaşyk edarasynyň, köp gatly awtoduralganyň we açyk awtoduralganyň, işewürlik merkeziniň, Bagt köşgüniň, bazaryň hem-de söwda merkeziniň binalarynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar.

Sebitiň dolandyryş merkezinde köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň täze toplumlary gurlar. Munuň bilen bagly taslamalaryň ençeme görnüşi teklip edildi. Şol görnüşleriň  birinde 874 gektar meýdanda öýleriň 208-sini gurmak meýilleşdirilýär. Şolaryň, umuman, 13 müň 452 maşgala niýetlenilen 142 öýi — 12 gatly, 66-sy bolsa 9 gatly binalardyr. Netijede, bu ýerde  67 müň 260 adamly ýaşaýyş toplumy peýda bolar.

Hödürlenilen taslamanyň beýleki görnüşine laýyklykda, bu ýerde 212 sany bäş hem-de ýedi gatly ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolan toplumy gurmak göz öňünde tutulýar. Bu toplum  7 müň 916 hojalyk  ýa-da 39 müň 580 adam üçin  niýetlenilendir.

Taslamanyň üçünji görnüşinde jaýlaryň 235-sini gurmak göz öňünde tutulýar, şonda jaýlaryň köpüsi 9 gatly hem-de 72 öýli 12 gatly bolar. Umuman, şeýle ýaşaýyş toplumy 67 müň 770 adamyň ýaşap biljek öýleriniň 13 554-sine niýetlenendir.

Taslamanyň dördünji görnüşiniň eýeleýän meýdany 880 gektara deň bolup, onda 5 we 7 gatly jaýlar bina ediler.

Bäşinji görnüş bolsa, 862 gektar meýdany tutar. Ol ýerde  dört hem dokuz gatly jaýlary gurmak meýilleşdirilýär.

Bulardan başga-da, jemgyýetçilik binalarynyň ýerleşdirilişiniň hem-de dürli gatlardan ybarat ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşyklarynyň taslamalarynyň ençemesiniň görnüşleri hödürlenildi.

Ahal welaýatynyň guruljak dolandyryş merkeziniň taslamalary taýýarlanylanda esasy üns ekologiýa, innowasiýa, täzeçillik we seýsmologiýa talaplaryna gönükdirildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň gülşen Diýara öwrülmegine giň ýol açýan bu ajaýyp taslamalar üçin her bir türkmen raýaty milletiň Arkadagyna çäksiz hoşallyk bildirýär. Çünki, ýurt Baştutanymyzyň  il-ýurt  bähbitli tutumly işleri yzygiderli amala aşyrmak hyjuwy bilen gaýnap-joşýan kalbynyň töründe dörän bu uly tutumlar, ýakyn geljekde  Zeminiň Türkmenistan atly döwletiniň jenneti mekana öwrüljekdiginiň aýdyň nyşanydyr.

21 Ýan
2020-nji ýyl — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýyly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly diýip yglan etdi. Munuň diňe biziň ýurdumyzyň halky üçin däl-de, eýsem  tutuş  dünýäniň halklary üçin hem özboluşly, simw...

26 Dek
Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri Merkezi saýlaw toparynda

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly, öňdengörüji başlangyçlary, nesihatlary we tabşyryklary esasynda, saýlawlary geçirmegiň halkara tejribelerini, saýlaw ulgamynyň ugurlaryny, saýlaw toparlarynyň...

26 Dek
Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri 2019-njy ýylyň 22-nji dekabrynda geçirilen Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary...

22 Noý
Täze döredilen uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary: jemler, sanlar

Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň saýlaw ulgamynyň işine ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, ýurdumyzda saýlawlary guramaçylykly, kanuna we halkara kadalar...

13 Noý
Türkmeniň hasyl toýy

1 million 50 müň tonnadan gowrak “ak altyn” ýygnan türkmen pagtaçylary bereketli noýabrda pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şeýlelikde, olar halkymy...

29 Okt
Uçastok saýlaw toparlary döredilýär

Häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde etrap, şäher saýlaw toparlary tarapyndan uçastok saýlaw toparlarynyň agzalaryny täze möhlete saýlamak işleri guramaçylykly dowam etdirilý...

18 Okt
Dünýä ýaň salan geňeşiň mejlisi

2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Aşgabatda “Oguzkent” myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşi...

09 Okt
Uçastok saýlaw toparlary täzeden döredilýär

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda döredilen uçastok saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli, 2019-njy ýylyň oktýabr-noýabr...