Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly tabşyryklaryndan, nesihatlaryndan ugur alyp, ýurdumyzda saýlawlary mundan beýläk-de milli kanunlarymyza, halkara kadalaryna laýyklykda, aýanlykda we demokratik ýörelgeler, bäsleşik esasynda guramaçylykly geçirmekde, raýatlaryň konstitusion saýlaw hukuklarynyň kesgitlenilen tertipde doly amala aşyrylmagynda saýlaw toparlarynyň aýratyn ähmiýeti bardyr.
Beýleki saýlaw toparlary bilen bir hatarda uçastok saýlaw toparlary hem öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna, ählihalk we ýerli sala salşyklara taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işleriň agramly bölegini amala aşyrýarlar.
Uçastok saýlaw toparlarynyň saýlaw işlerine gatnaşyjylaryň iň bir köpçülikleýin bölegi bolan saýlawçylar bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýandygyna ser salanyňda hem bu topara uly işleriň we jogapkärçiligiň degişli bolup durýandygyna göz ýetirmek bolýar.
Şu nukdaýnazardan, biz bu saýlaw topary barada düşünje bermegi makul bildik.
Uçastok saýlaw topary öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de Türkmenistanyň Saýlaw kodeksini we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny goldanýar.
Uçastok saýlaw toparlary degişli etrap, şäher saýlaw toparlary tarapyndan 5–15 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Zerur bolan halatlarda, uçastok saýlaw toparlary iň az sanda – 3 agzadan ybarat düzümde hem döredilip bilner. On sekiz ýaşy dolan, saýlaw hukukly Türkmenistanyň raýatlary uçastok saýlaw toparynyň agzasy bolup bilýär.
Uçastok saýlaw toparynyň düzümi 5 agzadan az sanda döredilse, onda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellenilen düzgünlere laýyklykda onuň agzalarynyň arasyndan diňe toparyň başlygy we kätibi saýlanylýar. Eger-de, saýlaw toparynyň düzümine wekiller Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde bellenilen sanlardan köp hödürlenilen bolsa, onda etrap, şäher saýlaw topary hödürlenilen wekilleriň terjimehalyny öwrenmek bilen, olaryň iş tejribesine, işleýän ulgamyna, at-abraýyna we gender deňligine görä saýlap alyp, toparyň düzümini düzüp biler.
Uçastok saýlaw toparynyň täze düzüminiň birinji mejlisi geçirilen gününden, öňki düzüminiň ygtyýarlyklary tamamlanýar. Uçastok saýlaw toparynyň ygtyýarlygy onuň birinji mejlisiniň geçirilen gününden hasaplanyp başlanylýar. Uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden ýagdaýynda, şol uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ilkinji guramalarynyň, raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklarynda hödürlenilýär we etrap, şäher saýlaw toparlary tarapyndan täze düzümi tassyklanylýar.
Saýlawlar bilen bagly işleriň aýanlyk şertlerini üpjün etmek bilen bagly çäreleriň çäklerinde we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 32-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, uçastok saýlaw toparlarynyň düzümi baradaky maglumatlar ilatyň dykgatyna hem ýetirilýär.
Indi bolsa uçastok saýlaw toparynyň ygtyýarlyklary barada durup geçeliň.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 37-nji maddasyna laýyklykda, uçastok saýlaw topary:
– saýlawlaryň geçiriljek güni, ses bermegiň nirede we haçan geçýändigi hakynda saýlawçylara habar berýär;
– uçastok boýunça saýlawçylaryň sanawyny düzýär;
– saýlawçylaryň sanawy bilen saýlawçylaryň tanyşdyrylmagyny guraýar, sanawdaky nätakyklyklar hakyndaky arzalary kabul edýär we olara seredýär, oňa degişli düzedişleri girizmek baradaky meseläni çözýär;
– ses beriljek jaýyň we saýlaw gutularynyň taýýarlanylmagyny üpjün edýär;
– saýlawlar güni saýlaw uçastogynda ses bermegi, şeýle hem öňünden ses bermegi, ses berilýän jaýdan daşarda ses bermegi guraýar;
– saýlaw uçastogynda sesleri sanaýar we saýlawlaryň jemini jemleýär;
– saýlawlara taýýarlyk görmek we ses bermegi guramak meselelerine degişli arza-şikaýatlara seredýär;
– ýokarda durýan saýlaw toparlarynyň kararlaryny ýerine ýetirýär;
– sesleri sanamagyň netijeleri baradaky maglumatlary ýokarda durýan saýlaw toparyna tabşyrýar;
– Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde bellenilen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
Saýlawlara taýýarlyk görülýän we geçirilýän döwründe öňde durýan wezipelerini, olaryň amala aşyrmaly işlerini alyp barmagyň düzgünlerini, şeýle hem saýlawlarda ulanylýan resminamalarynyň ulanyş tertibini giňişleýin hem-de jikme-jik düşündirmek maksady bilen, ýurdumyzda geçirilýän dürli derejeli demokratik saýlawlarda uçastok saýlaw toparlary üçin ýörite usuly gollanmanyň hem taýýarlanylýandygyny belläp geçmek bolar.
Mundan başga-da, Merkezi saýlaw topary tarapyndan “Saýlawçylaryň sanawyny düzmegiň we ony ulanmagyň tertibi hakynda”, “Saýlaw uçastogy boýunça ses berilýän jaýy taýýarlamagyň tertibi hakynda”, “Uçastok saýlaw toparlarynyň işini guramak hakynda” düzgünnamalar taýýarlanyldy we tassyklanyldy.
Şeýle-de, Türkmenistan boýunça hereket edýän uçastok saýlaw toparlarynyň 2568-si we Türkmenistanyň daşary ýurtladaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda döredilýän uçastoklaryň 39-sy hem bir nusgadaky resmi möhürler, at ýazgylar, agzalyk şahsyýetnamalary we beýleki maddy-haryt gymmatlyklary bilen üpjün edilendir. Ýene-de belläp geçsek, saýlaw möwsüminde uçastok saýlaw toparlary bilen usuly-düşündirişli okuw maslahatlary-da geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda döredilen uçastok saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, 2019-njy ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda uçastok saýlaw toparlary täzeden döredildi. Bu çäreleriň kanuna laýyklykda we bellenilen möhletlerde amala aşyrylandygyny aýratyn nygtamak gerek.
Täze döredilen uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenilmegi, agzalarynyň jemi 17586-synyň arasynda dürli ýaşdaky we bilim derejesindäki, dürli ulgamlarda zähmet çekýän, Watanymyzda ýaşaýan dürli milletlerden ybarat wekilleriň, şeýle-de zenanlaryň sanynyň ýokary görkezijilerde bolmagy, ýurdumyzda bir maksada – diňe il-ýurt bähbidine eýerýän kämil syýasy köpdürlüligiň kemala gelendigini görkezýär.
Uçastok saýlaw toparlary öz wezipelerini adalatly, başarnykly, kanunalaýyk ýerine ýetirmek bilen, il-ýurt bähbitli möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň döwrebap, guramaçylykly geçirilmegine we ýurdumyzda demokratiýanyň dabaralanmagyna saldamly goşant goşýandyklary hem-de saýlawlara taýýarlyk görmäge we ony guramaçylykly geçirmäge işjeň gatnaşýandyklary üçin, beýlekiler bilen bir hatarda Hormatly Prezidentimiziň minnetdarlygyna mynasyp bolýarlar.
Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda saýlawlaryň guramaçylykly we giň demokratik şertlerde geçirilýändigini, ähli saýlaw işlerine gatnaşyjylaryň hatarynda bu işlere uçastok saýlaw toparlarynyň hem öz saldamly goşantlaryny goşýandyklaryny äşgär edýär.
Bezirgen Garaýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça
Merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.