TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAÝLAW KODEKSINIŇ DÖWREBAPLYGY—ZAMANANYŇ TALABY

Gahryman Arkadagymyzyň geljegi nazarlaýan pähim-parasatly demokratik başlangyçlary esasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalary-da döwrebap derejede yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle-de, saýlaw hukugynyň demokratik ýörelgelerini häzirkizaman ösen dünýäniň talaplaryna laýyklykda üpjün etmek bilen bagly çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine hem üýtgetmeler we goşmaçalar yzygiderli girizilip durulýar. Amala aşyrylan bu çäreler barada giňişleýin gürrüň bermegini sorap, biz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň hukukçysy Geok Abaýewe birnäçe sowal bilen ýüz tutduk:

Geok Saparmämmedowiç, bilşimiz ýaly, 2013-nji ýylyň 1-nji iýunyndan  güýje giren Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi barada we oňa şu güne çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar barada gürrüň beräýseňiz.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi—Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly şäher, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna, sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlawlarda we sala salşyklarda öz erk-islegini erkin beýan etmegini üpjün edýän kepillikleri belleýär. Ýurdumyzda hereket edýän Saýlaw kodeksi 110 maddadan we 18 bölümden ybarat bolup durýar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň güýje giren gününden häzirki wagta çenli halkara we milli tejribelerden ugur alnyp, jemi 8 gezek üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şol üýtgetmeler we goşmaçalar aşakdakylardan ybaratdyr:

Birinji gezek Saýlaw kodeksine 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şol ýylky girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar esasynda saýlawlarda dalaşgärler tarapyndan hem milli synçylaryň bellenilip bilinýändigi, şeýle hem okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhletleriniň bäş ýyldygy kesgitlenildi.

Ikinji gezek kodekse 2016-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Munda, jemgyýetçilik birleşikleriniň saýlawlarda dalaşgär hödürlemek hukugy bes edilip, saýlawlarda dalaşgärleri hödürlemek hukugy diňe syýasy partiýalara hem-de raýatlar toparlaryna degişli edildi.

Üçünji gezek kodekse 2017-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda, has takygy, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 78-nji maddasynyň 1-nji bölegine saýlawlaryň jemi baradaky habaryň 7 günden gijä goýman, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde resmi taýdan çap edilýändigi barada üýtgetme girizildi.

Dördünji gezek 2017-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň jemi 10 sany maddasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, olar Türkmenistanda saýlawlaryň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýändigi baradaky üýtgetmeler we goşmaçalardan ybarat bolup durýar.

Bäşinji gezek 2018-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň jemi 2 maddasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Altynjy gezek 2018-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň jemi 10 sany maddasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi bilen iki palataly parlament ulgamyna geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýedinji gezek 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly ulgama geçmegi bilen bagly bolup durýar. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine «Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary» diýlen 1 belgili 6-njy (VI1)  täze bölüm  goşuldy. Täze bölüm 18 sany täze goşulan (501 – 5018) maddany  öz içine alýar. Bulardan başga-da, Saýlaw kodeksiniň 55 sany maddasyna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şeýle hem Saýlaw kodeksiniň 14-nji bölüminiň ady üýtgedildi.

Sekizinji gezek bolsa Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine 2021-nji ýylyň 13-nji martynda üýtgetme girizildi. Şol üýtgetme esasynda Saýlaw kodeksiniň 4-nji maddasynda dolandyryş-çäk gurluşyň üýtgemegi, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň möhletinden öň ýatyrylmagy, şeýle hem Halk Maslahatynyň agzasynyň, Mejlisiň deputatynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiniň agzasynyň ygtyýarlyklarynyň möhletinden öň ýatyrylmagy bilen baglylykda, olaryň saýlawlarynyň başga möhletlerde hem geçirilip bilinýändigi kesgitlenildi.

 

Geok Saparmämmedowiç, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilýän  üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň maksady barada aýdyp beräýseňiz.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň esasy maksady dünýäde toplanan tejribäni nazara alyp, saýlaw ulgamynyň kanunçylyk binýadyny döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar. Şeýle hem saýlaw hukukly raýatlaryň saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklaryny demokratik şertlerde berjaý etmekden we saýlawlary aýanlyk ýagdaýynda we guramaçylykly geçirilmegini gazanmakdan ybaratdyr . 

Dünýäde umumy ykrar edilen halkara, demokratik kadalary özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi we girizilýän üýtgetmeleriň,  goşmaçalaryň döwrebap, mynasyp beýanyny tapmagy ýurdumyzda saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilýändigini, Türkmenistanyň ählumumy ykrar edilen halkara kadalaryna hem-de demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny aýdyň görkezýär. Munuň özi häzirki türkmen jemgyýetinde raýatlaryň  ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleri durmuşa geçirmäge bolan jogapkärçiliginiň artýandygyny, raýatlarymyzyň erk-islegleriniň erkin ýüze çykmagynyň, ýagny olaryň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmeginiň demokratik ýörelgeleriniň has-da berkidilýändigini görkezýär.

Pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzda demokratik saýlawlary geçirmek üçin ähli zerur şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan uly tutumly işleriniň rowaç almagyny, janynyň sag, başynyň dik, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris!

– Beren täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!

 

Söhbetdeşligi ýazga geçiren H. ÖWEZOW.