TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAÝLAWLAR WE INNOWASION TEHNOLOGIÝALARYŇ IŞINE SYN ETMEGIŇ AÝRATYNLYKLARY

Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň uly tagallalary esasynda, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini döwrebap derejede ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Elbetde, ýurdumyzda geçirilýän demokratik saýlawlarda hem saýlaw uçastoklarynyň ýüzlerçesinde wideo kameralar gurnalyp, saýlawçylaryň ses berişleri internet arkaly, online düzgüninde Merkezi saýlaw toparynyň «saylav.gov.tm» web saýtynda jemgyýetçilik köpçüligine görkezilip, saýlawlara sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň çäklerinde syn etmäge şertler döredilýär.

Aslyýetinde, saýlaw işlerinde sanly tehnologiýalary ulanmagyň artykmaçlyklary ençeme guramaçylyk işleriniň geçirilmegi we töwekgelçilikleriň oňyn çözgüdiniň ýola goýulmagy esasynda gazanylýar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna gatnaşyjy döwletleriň uzak aralykdan ses bermegi ulanmak tejribelerinden belli bolşuna görä, saýlaw işlerine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak çäreleri ýuwaş-ýuwaşdan hem-de tapgyrlaýyn amala aşyrylmalydyr.

Şeýle-de, saýlaw işlerine ösen dünýäniň häzirkizaman öňdebaryjy innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, saýlaw işlerine gatnaşyjylaryň, täze düzgünler bilen tanyşmak zerurlygy ýüze çykýar. Şol sanda halkara we milli synçylar tarapyndan saýlawlara syn etmegiň hem täze düzgünleri, talaplary ýüze çykýar. Ýagny, adaty kagyz saýlaw býulletenleri bilen ses berilýän saýlawlara syn etmekden tapawutly bolýar.

Şol sebäpli, synçylar innowasion tehnologiýalaryň işi hakyndaky kanunçylyklary, düzgünnamalary, tertipnamalary we gözükdirijileri okamaly hem-de bilmeli bolýarlar. Şonuň bilen birlikde-de, düşnükli we aýdyň bolmaklygy üçin, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşynyň hem-de uzak aralykdan internet arkaly ses bermegiň usullarynyň aýratynlyklary barada synçylar bilen okuw maslahatlary geçirilmelidir.

Mundan başga-da, synçylar Merkezi saýlaw topary tarapyndan ýerli saýlaw toparlary we tehniki hünärmenler üçin guralýan okuw maslahatlaryna hem çagyrylmalydyr. Bu okuw maslahatlary synçylaryň innowasion tehnologiýalaryň işleýşi barada doly düşünje hem-de maglumat almaklary üçin ähmiýetlidir.

Halkara we milli synçylaryň elektron ses berlişige talabalaýyk syn etmekleri üçin, innowasion tehnologiýalaryň bir bitewi merkeze birleşýändigine göz ýetirmekleriniň hem-de maglumatlaryň berilýän we işlenilip taýýarlanylýan saýtyna girmekleriniň elýeterliligi kanunçylykda bellenilen tertipde üpjün edilmelidir. Munuň özi saýlawlaryň aýanlyk şertleriniň berjaý edilmegi üçin zerurdyr.

Saýlawlaryň aýanlygy ähli gyzyklanýan taraplaryň, esasanam saýlawçylaryň innowasion tehnologiýalaryň işleýşi barada ýeterlik derejede habarly bolmagynyň üpjün edilmegini öz içine alýar.

Innowasion tehnologiýaly saýlawlara syn etmegiň aýratynlyklarynyň hatarynda şu aşakdaky ýagdaýlar barada hem belläp geçmek gerek.

Uzak aralykdan ses berlende, saýlawçynyň gizlin ses bermek mümkinçiligi has köp bolýar, sebäbi diýeniňde ol erk-islegini özbaşdaklykda we aýratynlykda beýan edýär.

Uzak aralykdan ses bermek saýlawçynyň kanuny bozup, birden köp ses bermeginiň öňüni almak hem-de kanunda göz öňünde tutulan ýörite halatlardan başga ýagdaýlarda, hiç bir raýatyň ses bermek hukugyndan mahrum edilmezligi üçin hem ähmiýetlidir.

Halkara tejribelerinden görnüşi ýaly, internet arkaly uzak aralykdan ses bermek aslyýetinde saýlawçylara birnäçe gezek ses bermäge mümkinçilik berýär, ýöne, şunda birnäçe sesiň içinden iň soňky gezek berlen sesiň hasaba alynmagy şert bolup durýar. Bu, saýlawçylary mejbur etmek ýa-da saýlawçylara bermit bermek töwekgelçiligini azaltmaga kömek edýär.

Saýlawlarda innowasion tehnologiýalar ulanylanda halkara we milli synçylar toparlarynyň öz işlerine programmirleme, maglumat howpsuzlygy we kriptografiýa (maglumatlaryň gizlinligi we bitewiligi) ugurlary boýunça tejribeli hünärmenleri çekmekleri hem zerur bolup durýar.

Sözümizi jemläp aýdanymyzda, saýlawlara syn etmegiň subýektleriniň sanynyň köpelmeginiň, şeýle hem saýlaw tehnologiýalarynyň obýektiw çylşyrymlylygynyň netijesinde, synçylary taýýarlamagyň hilini we saýlawlara syn etmek işleriniň täsirliligini ýokarlandyrmak wajyplygy ýüze çykýar.

Parahatçylykly ýurdumyzda sanly ulgamyň işiniň döwrebap derejede ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň belent bolmagyny, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Amangeldi Gandymow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary.