Paýtagtymyzda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň gutarnykly jemleri jemlenildi.
Ozal habar berlişi ýaly, üç aýdan gowrak mundan öň badalga berlen hem-de geçen dynç güni-12-nji fewralda üstünlikli tamamlanan bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda, giň bäsdeşlik esasynda geçip, türkmen jemgyýetinde demokratik özgertmeleriň ýaýbaňlanandygyny, ilatyň aň-düşünjesiniň artandygyny aýdyň görkezdi.
Mejlisiň başynda häzirki döwrüň ýylýazgysyna aýdyň sahypalaryň biri hökmünde giren wakanyň şanly bolandygy bellenildi. Türkmen halky mizemes agzybirligini we jebisligini, ata-babalarymyzyň mukaddes wesýetlerine wepalylygyny nobatdaky gezek görkezip, döwlet ösüşiniň, ene topragymyzda halk häkimiýetliligi ýörelgelerini berkarar etmegiň ýolunda möhüm ädim ätdi.
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde, milli saýlaw kanunçylygynda hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda geçirildi. Ses bermäge saýlawçylaryň 97, 28 göterimi ýa-da 3 million 163 müň 692 adam gatnaşdy. Bu görkeziji ýurdumyzyň ilatynyň raýat işjeňligine, onuň ýurdumyzda demokratik özgertmelere gatnaşmaga ymtylýandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary we onuň bilen bagly wakalar halkara bileleşiginde hem-de dünýäniň habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döretdi. Şol günler ýurdumyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan Synçylar topary, BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtly žurnalistler bolup saýlaw möwsüminiň barşy bilen ýerinde tanyşmaga, saýlawlaryň açyklygyna we aýanlygyna göz ýetirmäge mümkinçilik aldylar.
MST-nyň başlygy mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesine—saýlawlaryň gutarnykly jemlerini jemlemek meselesine geçmek bilen, Merkezi saýlaw toparynyň welaýat, etrap, şäher we uçastok saýlaw toparlarynyň teswirnamalaryna seredip, saýlawçylaryň sesleriniň köp sanlysyny alan Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan diýip hasaplamak hakynda Karar kabul edendigini habar berdi. Bu baradaky çözgüt ýörite Karar bilen berkidildi.
Şeýle hem MST-nyň Karary bilen ýurdumyzyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasynyň geçiriljek güni kesgitlenildi. Türkmenistanyň saýlanylan Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasy 2017-nji ýylyň 17-nji fewralynda geçiriler.
Mejlisiň ahyrynda Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy bu ýere ýygnananlara hem-de saýlaw möwsümine gatnaşanlaryň hemmesine, şol sanda habar beriş serişdeleriniň wekillerine Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça tutuş möwsümiň ýokary derejede beýan edilendigi, onuň ýokary derejede guralandygy hem-de oňa jogapkärli çemeleşilendigi, döwletimiziň demokratik sütünlerini has-da berkitmäge hemmetaraplaýyn ýardam edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...