2019-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda, hepdäniň şenbe güni Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda käbir saýlaw okruglary boýunça ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine 2019-njy ýylyň 31-nji martynda geçiriljek saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlise Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň agzalary we edarasynyň işgärleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň merkezi edaralarynyň milli synçylar boýunça jogapkär wekilleri, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň ýanyndaky iş toparlarynyň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, esasan, meseleleriň dördüsine seredildi. Has takygy:
2019-njy ýylyň 31-nji martynda geçiriljek saýlawlar boýunça taýýarlyk işleri hakynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylarynyň habarlary diňlenildi;
Şol saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy;
Saýlawlar boýunça 2019-njy ýylyň 30-njy ýanwaryndan 28-nji fewraly aralygynda dalaşgärleri hödürlemek hem-de 2019-njy ýylyň 9-njy fewralyndan 5-nji marty aralygynda bolsa, dalaşgärleri bellige almak möwsümidigi yglan edildi.
Şeýle-de bu saýlawlaryň maliýe üpjünçiligi bilen bagly meselä hem seredildi we öňde agzalyp geçilen meseleler boýunça degişli kararlar kabul edildi.
Mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek bu saýlawlara taýýarlyk işleri guramaçylykly dowam edýär.
Mejlise gatnaşyjylar «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynyň baharynda geçirilýän saýlawlaryň milli ýörelgelere hem-de halkara kadalaryna laýyklykda, demokratik şertlerde amala aşyrylmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...