Hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklibi esasynda, şu ýylyň 12-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.
Munuň özi Bitarap döwletimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň hatyrasyna alyp barýan daşary syýasy ugrunyň dünýä bileleşiginiň hemmetaraplaýyn goldawyna eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
«Açyk gapylar» syýasatyny ýöredýän berkarar Watanymyz häzirki wagtda goňşy döwletler, şeýle hem Ýer ýüzüniň dürli ýurtlary bilen parahatçylykly, hoşniýetli, özara bähbitli syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Türkmenistan häzirki zamanyň çylşyrymly şertlerinde dünýäde asudalygy gorap saklamakda, daşky gurşawy goramakda, ykdysady, energetika we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, ählumumy wehimlere garşy netijeli göreşmekde halkara giňişliginde taryhy ähmiýetli ynsanperwer syýasy başlangyçlary ynamly öňe sürýär.
Türkmenistan diňe bir öz sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barmak bilen çäklenmän, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen şeýle syýasaty durmuşa geçirýär. Munuň özi ýurdumyzyň alyp barýan halkara işiniň üstünliklere beslenmeginiň kepili bolup durýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletler tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ýokary halkara abraýynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň netijeli başlangyçlarynyň ählumumy ykrarnama eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...