TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

16 Mart

Dalaşgärleriň saýlawçylar bilen geçirýän duşuşyk ýygnaklary dowam edýär

2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň  saýlawlary boýunça wagyz işleri dowam edýär.

Welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalary— saýlawçylar bilen dalaşgärleriň geçirýän duşuşyk ýygnaklary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde guramaçylykly geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli demokratiýanyň  ýene bir aýdyň ýüze çykmasynyň şaýady boljak bu duşuşyklara milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň  wekilleri hem işjeň gatnaşýarlar.

Merkezi saýlaw toparynda bellige alnan dalaşgärler şu güne çenli duşuşyk ýygnaklarynyň 13-sini geçirdiler. Şol ýygnaklarda dalaşgärleriň 58-si saýlawçylar—ýerli halk maslahatlarynyň agzalary bilen duşuşdylar.

Duşuşyklarda saýlawçylar dalaşgärleriň ynanylýan adamlarynyň çykyşlary arkaly dalaşgärleriň terjimehallary bilen tanyşmaga mümkinçilik alýarlar. Şeýle-de, dalaşgärler hem özleriniň maksatnamalary bilen duşuşyga gatnaşyjylary giňişleýin tanyşdyrýarlar.

Bu duşuşyk ýygnaklarynyň barşynda dalaşgärler saýlawçylaryň sowallaryna hem jogap berýärler.

Dalaşgärlerleriň wagyz işleriniň çäklerinde saýlawçylar bilen geçirilýän duşuşyk ýygnaklary 26-njy marta çenli dowam eder.

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...