TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

02 Iýun

Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri önümçilik tejribesinde

Hormatly   Prezidentimiziň    parasatly    baştutanlygynda  halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni uly ruhubelentlik bilen garşylap, has belent maksatlary, iň nurana arzuw-umytlary ýürekde besleýär.

Döwlet Baştutanymyz Prezident wezipesine girişmek dabarasynda  eden taryhy çykyşynda: «Öz öňümde goýan maksatlarymy üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn». «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýdi.

Munuň özi Watan bilen halkyň bitewüligini, jebisligini, halk bilen täze saýlanan Prezidentiň arasyndaky ýokary ynamy alamatlandyrýar. Ýeri gelende bellesek, muny eziz Diýarymyzda türkmen jemgyýetiniň jebisliginiň, ähli gatlaklarynyň içerki sazlaşygynyň doly keşbini beýan edýän, köppartiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde, demokratik  ýörelgelere laýyklykda, guramaçylykly geçirilýän dürli derejeli saýlawlar hem aýdyň­lygy bilen subut edýär. Çünki, saýlawlar syýasy ulgamyň, raýat jemgyýetiniň şöhlelenmesidir we netijesidir.

Döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, ata Watanymyzda saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, milli kanunlarymyza, umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda geçirilýär we saýlaw ulgamynyň işi barha kämilleşdirilýär.

Saýlaw ulgamynyň işi bilen içgin we giňişleýin tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmak» ugry boýunça IV möwsüminde okaýan diňleýjileri nazary okuwlarda alan bilimlerini berkitmek üçin, 2022-nji ýylyň 2-nji iýunynda Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda önümçilik tejribesinde boldular.

Önümçilik tejribesinde olara saýlawlary demokratik esaslarda, guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen  üýtgetmeler we goşmaçalar, saýlaw toparlary, saýlaw ulgamy, saýlaw hukugy, saýlawlarda sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, geçen   ýylyň 28-nji martynda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň aýratynlyklary,  şeýle hem şu ýylyň 12-nji martynda ýurdumyzda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary we onuň jemleri barada giňişleýin düşünje berildi we gyzykly sowal-jogaplar alşyldy.

Işjeňlik ýagdaýynda geçirilen önümçilik tejribesine gatnaşyjylar demokratiýanyň barha dabaralanýan ýurdunda okamaga, işlemäge, hünärlerini ýokarlandyrmaga döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden öz hoşallyklaryny bildirdiler.

14 Ýan
Belent maksatly uly tutumlara badalga

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Tä­ze ­ýy­lyň ­öňü­sy­ra­syn­da ­ge­çi­rilen Mi­nistr­ler­ Ka­bi­ne­ti­niň­ we ­Döw­let­ howpsuz­lyk­ ge­ňe­şi­niň­ gi­ňiş­le­ýin­  mej­li­sin­de­  2025-­nji­ ýy­...

07 Ýan
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitaby

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçdi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300...

30 Dek
2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda öza...

26 Dek
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz, däp bolşy ýal...

20 Dek
Türkmen —Malaýziýa gatnaşyklarynda täze sahypa

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Malaýziýa resmi sapa...

11 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 9-10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň...

09 Dek
Şöhratly geçmişiň beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly şanly wakalara, uly üstünliklere beslenip, şöhratly taryhymyzyň zerbap sahypalarynda öçmejek yz goýýar. Bilşimiz ýaly, Türkmen halkynyň Mil...

05 Dek
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda paýtagtymyza iş sapary bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-p...