TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

27 Okt

Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri önümçilik tejribesinde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda halk bilen döwletiň jebisligi ähli ösüşleriň, öňegidişlikleriň baş badalgasydyr.

Döwlet Baştutanymyz Prezident wezipesine girişmek dabarasynda  eden taryhy çykyşynda: «Öz öňümde goýan maksatlarymy üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, örän parasatlylyk bilen nygtady.

Ýeri gelende bellesek, eziz Diýarymyzda türkmen jemgyýetiniň jebisliginiň, ähli gatlaklarynyň içerki sazlaşygynyň doly keşbini beýan edýän, köppartiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde, demokratik  ýörelgelere laýyklykda, guramaçylykly geçirilýän dürli derejeli saýlawlar hem aýdyň­lygy bilen subut edýär. Çünki, saýlawlar syýasy ulgamyň, raýat jemgyýetiniň demokratiýalaşýandygynyň şöhlelenmesidir we netijesidir.

Döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, ata Watanymyzda saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, milli kanunlarymyza, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýär we saýlaw ulgamynyň işi barha kämilleşdirilýär.

Saýlawlar möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäredir we raýatlaryň iň esasy syýasy hukuklarynyň biridir.

Şu nukdaýnazardan, saýlaw ulgamynyň işi bilen içgin we giňişleýin tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmak» ugry boýunça I möwsüminde okaýan diňleýjileri nazary okuwlarda alan bilimlerini berkitmek üçin, 2022-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda önümçilik tejribesinde boldular.

Önümçilik tejribesinde olara saýlawlary demokratik esaslarda, guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen  üýtgetmeler we goşmaçalar, saýlaw toparlaryň döredilişi we ygtýarlyklary, saýlaw ulgamy, saýlaw hukugy, saýlawlarda sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, geçen ýylyň 28-nji martynda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň aýratynlyklary, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, 2023-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Ge­ňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle-de Ge­ňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işleri barada giňişleýin düşünje berildi we gyzykly sowal-jogaplar alşyldy.

Işjeňlik ýagdaýynda geçirilen önümçilik tejribesine gatnaşyjylar täze eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň öň­dengörüjilikli, ynsanperwer syýasatyny täze derejede mynasyp dowam etdirip, demokratiýanyň barha dabaralanýan ýurdunda – eziz ­Wa­ta­ny­my­zda okamaga, işlemäge, hünärlerini ýokarlandyrmaga döredýän mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, öz hoşallyklaryny bildirdiler.

13 Sent
Geljegi nazarlaýan Türkmen — Owgan goňşuçylyk gatnaşyklarynda täze sahypa

Mälim boşy ýaly, 2024-nji ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Ol ýe...

04 Sent
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

29 Awg
Türkmen — Eýran döwletara gatnaşyklarynyň täze sahypalary

Dünýäde dost-doganlygy, agzybirligi, parahatçylygy öňe sürýän ýurdumyzda dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetarapla...

10 Iýul
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçirilen saýlawlarda saýlanylan deputatlar barada maglumat

1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugy boýunça Bazarow Rejep – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek bo...

09 Iýul
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine Aşgabat şäheriniň saýlaw toparynyň ýolbaşçysynyň w...

07 Iýul
Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 91,32% ses berdi. Has takygy, Aşgabat   şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw ok...

07 Iýul
Ses bermek dowam edýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary boýunça sagat 17-ä çenli saýlawçylaryň 85,55% ses berdi. Has takygy, Aşgabat   şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk” saýlaw ok...

07 Iýul
Ses bermek dowam edýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary boýunça sagat 15-e çenli saýlawçylaryň 76,11% ses berdi. Has takygy, Aşgabat   şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk” saýlaw ok...