TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

16 Ýan

Saýlaw möwsümi yglan edildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2023-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň şeýle hem, Ge­ňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryny 2023-nji ýylyň 26-njy martynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.

Bu saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlise Merkezi saýlaw toparlarynyň agzalary we edarasynyň hünärmenleri, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi edaralarynyň milli synçylar boýunça jogapkär wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, öňde boljak saýlawlary guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe meselelere garaldy.  

Has takygy, saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem, saýlawlar boýunça saýlaw möwsüminiň   başlanýandygy yglan edildi.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň dowamynda saýlawlar boýunça taýýarlanylan gollanmalar, ýatlamalar we düzgünnamalar hem tassyklanyldy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 125-sini döretmek barada karar kabul edildi.

Mundan başga-da, saýlaw möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeler barada welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň habarlary diňlenildi.

Mejlisiň dowamynda häzirki täze taryhy eýýamda, hormatly Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň, syýasy-demokratik özgertmeleriniň mazmunyny we maksadyny ilat arasynda giňden wagyz etmäge gönükdirilen çäreleri işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmagyň ýolundaky möhüm ädimdigini we onuň  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň oňyn özgertmelerini durmuşa geçirmekde ygtybarly binýat bolup durýan-dygyny nygtap, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary saýlaw möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Ýurdumyzda saýlawlary demokratik ýörelgelerimize laýyklykda geçirmeklige ähli şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, öz hoşallyklaryny bildirdiler.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň dowamynda başga-da birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...